Emeli ýagyş Pakistanyň Penjap welaýatynyň Lahor şäherinde howanyň hapalanmagyny azaltmak üçin öndürildi. Geo News telewideniýesinde berlen habara görä, Penjabyň premýer-ministri Muhsin Nakwi bulut ekiş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan uçarlaryň Lahoryň 10 etrabyndan uçandygyny aýtdy. Nakwi, Lahorda howanyň hapalanmagyny azaltmak üçin emeli ýagyşyň öndürilendigini we Birleşen Arap Emirliklerinden 2 sany uçaryň we bu ugurda işleýän hünärmenleriň 10 gün ozal Lahora gelendigini aýtdy.
Pakistanyň taryhynda ilkinji gezek öndürilen emeli ýagyş şäheriň dürli ýerlerine düşdi. Lahor dünýäde iň hapa howaly 10 şäheriň hataryna girýär. Penjapda, 19-njy noýabrda howanyň hapalygy ýokary bolan ýerlerde 1 hepde maska geýmek düzgüni ýola goýuldy.
Mahym Allanazarowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby