Soňky bäş ýylda Moskwanyň  balyk gaýtadan işleýän pudagy önümçiligiň mukdaryny 83% ýokarlandyrdy. Balygy gaýtadan işlemegiň mukdary 2019-njy ýylda 25,5 müň tonnadan 2023-nji ýylda 60 müň tonna çenli ýokarlandy.

Moskwa sebitinde, 2023-nji ýylyň dekabrynda  konserwirlenen balyklaryň umumy mukdarynyň 22% -den gowragy öndürilýär diýip, sebitiň oba hojalygy we azyk ministrligi habar berýär. Geçirilen barlaglara  görä  bu kategoriýadaky harytlaryň önümçiligi bäş ýylda 83% ösdi.

Sebitde balyklary gaýtadan işlemegiň iň işjeň ösýän ugurlary, taýýar balyk önümlerini, pomidor sousunda konserwirlenen balyklary we doňdurylan balyk önümleri bolup durýar. Mundan başga-da, Moskwa  balyk önümlerini beýleki sebitlere-de işjeň eksport edýär. Mysal üçin, 2023-nji ýylda Belarus, Gazagystan, Moldowa we Ermenistan bazarlaryna 8 müň tonna balyk önümlerini eksport edildi.

2023-nji ýyl üçin Moskwa sebitindäki iň uly balyk gaýtadan işleýän kärhanalar:

 “RoyalFish”

 “Agama Royal Grenlandia”

 “Promore”

 “RPZ Poseidon”

Russiýa hökümeti bolsa bu ugurda  mundan beýläk hem ýokary görkezijilere eýe boljakdygy barada aýtýar.

Mollaýew Meýlis

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby