Türkmenistandan «Ýigit» hojalyk jemgyýeti Moskwada geçirilen
«Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary-2019» 4-nji maýa goýum
forumynda-sergisinde «GDA-nyň ýyladyşhana pudagynda innowasion ösüş»
ugrundan diploma we kuboga mynasyp boldy. 
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Ýigit» HJ-niň sergä hödürlän ekologiýa taýdan arassa önümlerine çärä gatnaşan
20 ýurduň wekilleri, şol sanda Russiýadan we GDA ýurtlaryndan iri ýyladyşhana
toplumlarynyň hem-de oba hojalyk holdingleriniň ýolbaşçylarynyň 700-si ýokary
baha berdiler. Forumda şitil saýlamakdana tä eksport meselelerine çenli ugurlarda
tejribe alşyldy, öňdebaryjy iş usullary barada söhbetdeşlikler boldy. 
«Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary-2019» forumy-sergisi –
bu pudaga maýa goýumlaryny çekmek we ösüş strategiýasyny ara alyp
maslahatlaşmak, bazary esasy üpjün edijileriň arasynda tejribe alyşmak we özara
peýdaly täze şertnamalary baglaşmak üçin abraýly halkara meýdançasydyr. 
«Ýigit» HJ-niň pudak boýunça milli we halkara gözden geçirişleriň
birnäçesiniň laureaty hem-de diplomanty bolandygyny bellemek gerek. Şu ýyl
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan bu hojalyk jemgyýeti «Oba hojalyk önümlerini
öndüriji» ugrundan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
bäsleşiginiň laureaty boldy, şeýle hem 22-nji Halkara «WorldFood Ukraine 2019»
sergisiniň diplomyna mynasyp boldy.