Mertebesi belen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Beýik işler bilime daýanýar» diýip bellemek bilen şu günki bagtyýar ýaşlarymyzyň halkara derejesinde häzirki zaman biliminiň ösen döwrebap talaplaryna laýyklykda bilim almaklygy üçin ýurdumyzda ähli zerur şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilimiň baş maksadynyň, esasy mazmunynyň we wezipeleriniň hem muny anyk-aýdyň tassyklaýandygyny uly buýsanç bilen aýratyn belläp geçýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly täsin kitabynda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ägirt uly özgertmelere aýratyn orun berilýär. Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda örän jaýdar belleýşi ýaly, on iki ýyllyk umumy orta bilimiň baş maksady maglumat üpjünçilikli jemgyýetde dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşiniň meýillerine we ugurlaryna oňat düşünýän, döredijilikli zähmet çekmegi başarýan, hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmegi, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan önümçilige ylmy çemeleşmäni ýokarlandyrmagyň hasabyna Türkmenistany senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmek we onuň abraý-mertebesini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar we milli bilim ulgamynyň döwrebap ukyp-başarnyklaryny özünde jemleýän uçurymlary terbiýeläp ýetişdirmegi baş maksat edinýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle peşgeş beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby berkarar ýurdumyzyň baky bagtdan paýly bolan bagtyýar ýaşlarynyň durmuş ýörelgesine öwrüldi.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň talyby.