Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly kitap okamaklyk  kämilligiň açary.  Meşhur ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda eseriň baş gahrymany Welmyrat aganyň köşekli düýesini bir kitaba – Magtymgulynyň diwanyna çalyşmasy, türkmen halkynyn kitaba bolan, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlaryna bolan söygüsinden, hormatyndan nyşandyr. Bu barada Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda, beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň giň gerimli dabaralara beslenen günlerinde ýatlap geçmeklik biz ýaşlar uly buýsançdyr.  Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň özi hem çuň mazmunly şygyrlarynyň birinde: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip bellemeklik bilen, özüniň kitaba bolan söýgüsini, hormatyny örän çeper beýan edýär. Şahyryň bu şahyrana paýhasyndan hem mälim bolşy deýin kitap ynsany ruhy taýdan terbiýeleýän güýçdir. Bu barada türkmen halkynyň çuň mazmunly ata sözlerinde hem: «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar», «Okadym diýme, bildim diý», «Okaýan il ozar, okamaýan il tozar», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok.»,  «Köp ýaşan bilmez, köp okan biler», «Bir okana bar, bir dokana» diýen ýaly pähim-paýhasa ýugrulan tymsallar bar. Tanymal şahyrymyz Gurbannazar Ezizow hem şygyrlarynyň birinde:

Kitaphanalara gatnaň ýadamaň,

Agras, kämil bory üçin pikiriň.

Dünýäde hemme zat bal bile ýag däl,

Siz goja dünýäniň boýun ýetiriň.

…Azyrajyk bolsun çörek nobaty,

Köpräjik bolsun kitap nobaty. – diýip bellemeklik, kitabyň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini şahyrana dilde örän çeper edýär. Edebi mirasymyzda kitap okamagyň ähmiýeti baradaky parasatly aýtgylar biz ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir. Bu barada

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda aýratyn belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň bu täsin kitabynda kitap okamagyň ähmiýeti baradaky paýhasly taglymy biz ýaşlary öz saýlap alan hünärimiz boýunça günsaýyn kämilleşmäge, mukaddes Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmaga, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildiren ynamyny ödemäge ruhlandyrýar. Biz ýaş nesle şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolun!

AHMET Ýagşymämmedow,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.