Mertebesi belen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär.» – diýen parasatly taglymy ata-babalarymyzdan miras galan edebi miraslarymyzy ýaş nesle körpeje çagalykdan döwründen başlap okap bermekligiň milli terbiýeçilik ähmiýeti barada oýlandyrýar hem-de munuň bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdygyna düşünmäge pähim-paýhas jöwhermaýa gönezligi bolup hyzmat edýär.
Türkmen halky hähli-häzirlerem milletimiziň pähim-paýhasa baý edebi mirasy bolan halk döredijilik eserlerini – nakyllary, atalar sözüni, läleleri, monjugatdylary, hüwdüleri, sanawaçlary, tapmaçalary, ýomaklary, rowaýatlary, ertekileri, dessanlary we eposlary öz körpeje çagalaryna okap bermeklik bilen milli terbiýeçilik mekdebini nesilden-nesile geçirip, dowamata atarýarlar. Çünki, halk döredijilik eserlerinde bütin türkmen halkynyň öz taryhynyň dowamynda terbiýeşynaslyk sungatynda gazanan tejribesi öz beýanyny tapýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, halk döredijilik eserleri milli terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin üçin, halkymyz sallançak ýatan çagalaryna hüwdi aýdyp berip, 2 – 3 ýaşlaryndaky çagalaryna 5 – 6 ýaşyna çenli erteki, rowaýat okap berip, nakyllary, atalar sözüni, tapmaçalary, matallary okap berip, öz dowamatyny milli terbiýeçilik mekdebiniň esasynda terbiýeleýärler. Bu milli terbiýeçilik mekdebi ýaşlarda körpeje çagalyk döwründen başlap kitap okamaga höwes döredip, olaryň ata-babalary ýaly kitaphon nesiller bolup ýetişmegi üçin aýdyň ýol açýar.
Halk döredijilik eserleriniň, hususan-da kitabyň her bir görnüşiniň adamlaryň ösen aňyýetini kemala getirmeklikde özboluşly orny bardyr. Eposlar, dessanlar, romanlar, powestler, hekaýalar adamyň hyýal güýjüni ösdürýär, poeziýa ruhumyzy tämizleýär, taryh kitaplary bolsa geçmişimizi öwredýär we geljege ynamly ädimler ätmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täsin kitaplary-da, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby hem biz ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak milli terbiýeçilik mekdebine öwrülen mukaddes atalyk kitaplardyr. Bu mukaddes atalyk kitaplar biz ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip, kämil şahsyýet bolup ýetişmegimiz üçin gymmatly gollanmadyr.