Sizem “ Şu gün we ertir “ diýlende edilmeli işe başlap bilmeýänlerdenmi? Şeýle-de, synag gününe çenli depderdir kitap açmaýan we bellenilen möhlete çenli iş bilen gyzyklanmaýanlardan birimisiňiz? Eger şeýle adamlardan bolsaňyz birnäçe berjek maslahatlarymyz size kömek edip biler.

“Ýaltalyk” diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak “Biz ýalta däl!”.

Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär:

Ýalta – Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz.

Ýaltalyk – Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk. Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada “ýalta” diýip ters pikir ýöretmegimize getirýän başga sebäpler bar.

Her birimizem  wagtal-wagtal ýaltalyk bilen ýüzleşýäris. Has takygy ýaltalyk etmegi halaýan hem bolup bilersiňiz. Hatda ellerimizi gymyldadasymyz gelmeýän ýa-da aýlanyp- aýlanyp boş gözler bilen edilmeli işlere seredenimiz ýaly ýagdaýlar bilen hemmämiz ýüzbe- ýüz bolýan bolsak gerek. Bu adaty bir zat! Netijede hiçbirimiz hem tükeniksiz güýçli gahryman däldiris. Başga bir söz bilen aýdylanda şeýle bir pursat gelýär welin, hiç hili ýoly dowam etmek üçin  güýjümiz galmaýar.(batareýamyz çökýär). Hut şeýle döwürlerde ýaltalyk bize öňküsinden has özüne çekiji bolup görünýär. “Hiç zat üçin gymyldy hereket etmek islemeýärin ýa-da işlemek islemeýärin”  ýaly sözleri aýtmagyňyz tebigy bir hadysadyr. Mesele, ýerine ýetirilmeli işiň gereginden köpelen pursatynda ýüze çykýar. Şonuň üçin ýaltalyk hemişelik bolup, tanapyň ujuny ýitirmegiňe sebäp bolanda, hökman ýok edilmeli uly bir meselä öwrülýär. Şeýlelik bilen siz aşakdakylary okap, öz baş alyp çykmasy kyn bolan endigiňizden halas bolup bilersiňiz, elbetde okamaga ýaltanmasaňyz !

Ýaltalykdan halas bolmak üçin ilkinji nobatda etmeli zadyňyz, özüňizi alyp baryşyňyzyň sebäbine düşünmekdir! Şonuň üçin ilki bilen meseläniň çeşmesini tapmaly. Mysal üçin: Örän ýadawlygyňyz üçinmi ýa-da etmeli işiňiziň kynlygy sebäpli ýaltalyga ýüz urýarsyňyzmy? Üstünlikli edip bilmersiňiz öýdüp, hiç eliňiz barmaýarmy ýa-da ünsi jemläp bilmeýänligiňizdenmi? Ýaltalygyň düýp sebäbine düşünýän bolsaňyz, meseläni çözmek has ýeňil bolýar we hereket etmek üçin has höwesli bolup bilersiňiz. Sizi bagtly etjek işler bilen iş salyşyň!

Adamlaryň köpüsi hakykatdan hem  halamaýan işlerini etmeli bolýandyklary sebäpli ýaltalyk bilen ýüzleşýärler. Etmeli işiňiz size lezzet berýän bolsa, çyn ýürek bilen ýerine ýetirseňiz , bu meseläni çözmek üçin näçe wagtyň geçenligini hem duýmarsyňyz.

Nireden başlamalydygyny biliň!

Bu barada oýlanyň! Öňüňizde arassalanmaly uly jaý bar. Şeýle pursatda 3 otagly jaý gözüňize uly bir gala ýaly  görünmegi mümkin. Belki, birnäçe sagadyň içinde edip boljak işiňiz  hiç haçan gutarmajak ýaly görünmegi hem mümkin. Şeýle-de bolsa, tutuş jaýy arassalamak hakda pikir etmeseňiz , işiňiz has aňsat görüner. Mälim ediljek bolýan zat, ýaltalykdan halas bolmak üçin nireden başlamalydygyny bilmeli. Uly jaýy arassalamagyň ýerine, geýim- gejimleriňizi  tertipläp başlaň we bu işi ýerine ýetirip duran pursatyňyzda jaýyň galan bölegi hakda pikir etmäň, ünsüňizi şol pursatda ýerine ýetirýän kiçijik meseläňize gönükdiriň.  Şeýlelik bilen, bularyň hemmesini yzygiderli we kynçylyksyz ýerine ýetirip bilersiňiz.

Özüňize garşy çykmagy öwreniň!

Ýaltalyk şol pursatda size şatlyk bolup biler. Bu adaty bir zat. Ýaltalygy , beýleki görnüşlere garanyňda durmuşa geçirmek has ýeňil. Birnäçe adamlaryň islegleri aňsat bir görnüşde bolýar. Şeýle-de bolsa, üstünlik gazanmak üçin edilmeli zat  kyn zady saýlamakdyr. Şonuň üçin ýaltalykdan saýlanmaga özüňi mejbur etmeli. Özüňizi mejbur etmegi öwreneniňizden soň, ony  endik edip höwes bilen  etmäge başlarsyňyz.

Herekete başlanyňyzda näme gazanjakdygyňyz hakynda pikir ediň!

Ýaltalyga sezewar bolmak öz ýanyňyzdan size gowy bolup biler, ýöne ýaltalygyň size näme peýdasy bar. Edilmeli  işleriň üýşmegine goşant goşýan şowsuzlyk duýgusundan başga hiç zat gazandyrmaýar. Ýaltalyga ýüz urmasaň näme peýda görüp bilersiň, şu barada pikirlenmeli. Mysal üçin: Iş ýeriňizde ýaltalygyň ýerine özüňizi işlemäge mejbur etseňiz! Depderdir kitaby bir tarapa geçirmegiň ýerine synaglaryňyza taýýarlansaňyz! Ýa-da başga ýerine ýetirilmeli işleriňiz berjaý etseňiz ! Şonda ýaltalyk ýerine hereket etmegi saýlanyňyzda köp tarapdan bähbitli zatlary gazanarsyňyz.

Has köp hereket ediň!

Ýaltalyga gabalan bolsaňyz we ol sizi şowsuzluga getirýän bolsa, durmuşyňyza hereket goşmaly. Hereket diýmek näme? Bu diýmek , siziň bilýän hereketiňiz  hakynda gürrüň gidýär. Şonuň üçin has köp ýöremegi, has köp ylgamagy, gysgaça aýdylanda öňküsinden has köp hereket etmegi maslahat berilýär. Sebäbi hereket etdigiňizçe  bedeniňizde we aňyňyzda has güýçli üýtgeşmeler duýarsyňyz. Aýdylanlaryň dogrudygyny görmek isleseňiz, ýeriňizden turup, ujypsyzja hereketleri ýerine ýetirmäge başlaň. Üstüňizdäki ýaltalykdan halas bolmaga çalyşyň. Könelerimiz : “Herekete bereket“ diýipdirler.

“Ýaltalyk” diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak “Biz ýalta däl!”.

Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär:

Ýalta – Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz.

Ýaltalyk – Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk.

Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada “ýalta” diýip ters pikir ýöretmegimize getirýän başga sebäpler bar.

Ol sepäpleri birnäçe düşünjedir ýalñyş hereketimiziñ bize täsir etmegi diýip alyp bileris. Şol sebäler zerarly biz işi erteläp başlaýarys.

  1. Biz energiýamyzy nädogry ulanýarys.

Belli bir wagtda ýatyp turmazlyk, has giç uklamak, ukusyz galmak ýadawlyga getirýär. Energiýamyzy etmeli zadymyzdan öñ  ýalñyş we gerek däl zatlar üçin ulanyp gutarmagymyz, ýerine ýetirilmeli işe höwesi, islegi azaldýar.

Energiýamyzy ýerine ýetirmeli ýumuşumyza däl-de bizi oýa saklamaga ýa-da biderek zatlara sarp edýäris. Ýumuşy ýerine ýetirmäge gezek gelende bolsa ukymyz tutup başlaýar.

  1. Pikirlerimiz bizi aldaýar.

Herekete başlamak, ilkinji ädim adatdan daşary ýagdaýda kyn bolup görünip başlaýar. Şeýlelikde, işi erteleýäris, ünsümizi başga zatlara bölýäris. Añymyz bizi işiñ kynlygyna, onuñ bolup bilmejek zatdygyna  ynandyrmak isleýär, bahanalar tapýar.

Edilmeli iş barada ýeterlik resurslarymyzyñ, ýol görkeziji biriniñ, wagtymyzyñ… ýokdygy barada pikir edip başlaýarys. Hatda işi edip başlanymyzda ýitirjek wagt, energiýa hem-de yhlasymyzdan köp energiýa we wagty çenden aşa pikirlenmeklige sarp edýäris.

  1. Şowsuzlykdan gorkýarys.

Ýalñyşmak, şowsuzlyk aslyda biziñ iñ gowy “mugallymlarymyzdyr”. Ýalñyşyp özümiziñ öwrenen tejribämiz bize iñ gowy sapagy öwredýär, bizi biz edýär. Indiki işe başarjañlygymyzy ösdürýär.

Işeññir – Iş etmekde tapawutlanýan, iş başarýan, işjeň.

Işeññirlik – Iş bitirmekde tapawutlanyjylyk, iş başaryjylyk, işjeňlik.

Errare humanum est – Adamzada ýalñyşmaklyk mahsusdyr.

Ýatda sakla: Ýalñyşmaýan adam,  hiç zat etmeýän adamdyr!

  1. Ideal bolmak möhüm däl.

Ideal, kämil, birkemsiz (100%) diýen zat ýok, ideala ýakyn zat bar. Medisinada hem 99.9% takyklyk ulanylýar. Ideal bolmaz diýip işi etmekden gaçmañ.

  1. Kritikadan, tankytdan gorkmaly däl.

Düzedilýän ýalñyşlyk ösüşi añladýar. Tankyt edil edebiýaty kämleşdirişi ýaly biziñ hem  has ajaýyp bolmagymyza eltýär.

Adamyñ kämilligini edebiýat bilen deñeşdirseñ, onda her bir şahsyýetiñ özüne mahsus stili bolýar, käwagt kemçilik diýip pikir edýän zadymyz bizi has täsin we üýtgeşik, deñsiz-taýsyz edýär.

Tankytdan gorkman başlanan işiñ netijeleri başda bizi kanagatlandyrmasa-da, ýuwaş-ýuwaşdan biz bir ýerlere bararys. Başlanmadyk iş bolsa bizi hiç ýere eltmez.

Şu ýerde, Italiýanyñ Pisa binasyny ýatlap geçsek laýyk bolarmyka diýýän 🙂

Umuman, biz ukyny dogry almaýan, şowsuzlyk, tankyt edilmek, işi ideal edip bilmezlik barada aşa pikir edýän wagtymyz işi etmekden ýaýdanýarys we ony erteleýäris.

Siz nähili pikirde?

Henizem özüñize ýalta diýýäñizmi?

Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň gündogar dilleri we edebiýaty

fakultetiniň talyby Akmyradow Merdan