Düýpli maýa goýumlary – esasy serişdeleri döretmek we köpeltmek üçin çykarylýan harajatlardyr.Düýpli maýa goýumlar munuň özi esasy serişdeleri döretmäge, olary dikeltmäge önümçiligi giňeltmäge goýberilýän uzak möhletleýin pul serişdeleridir.

Maýa goýumlary (inwestisiýa) – girdeji gazanmak maksady bilen çykarylýan çykdajylardyr. Görnüşleri boýunça önümçilik maýa goýumlardan başga, maliýe maýa goýumlary hem bolýar, olara paýnamalary, obligasiýalary satyn almaga goýulýan serişdeler we ş.m. degişli. Maliýe goýumlar ahyr soňunda maýa goýumlary görnüşinde durmuşa geçýärler.

Düýpli maýa goýumlar özleriniň ulanyşy boýunça şu aşakdaky ugurlara gönükdirilýär:

  1. Pudaga goýberilýän düýpli maýa goýumlar.
  2. Kärhananyň ulgamlaýyn işleri üçin goýberilýän düýpli maýa goýumlar.
  3. Pudagyň belli bir işlerine niýetlenen düýpli maýa goýumlar.

Düýpli maýa goýumlaryň çeşmeleri:

  1. Kärhanalaryň peýdasyndan önümçiligi ösdüriş goruna geçirilen serişdeler (maýa toplaýyş).
  2. Döwlet býujeti.
  3. Pudaklaýyn merkezleşdirilen gaznalar (hususanam, Türkmenistanyň Oba hojalygyny ösdürmegiň döwlet gaznasy).
  4. Daşary ýurt maýa goýumlary (inwestisiýalar).
  5. Maýa goýumlary üçin alynan uzak möhletleýin kreditler, karz pullar.

Karz çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylan maýa goýum çykdajylarynyň öwezi hem ahyrsoňunda kärhananyň geljekdäki gazanjak peýdasynyň hasabyna doldyrylýar. Düýpli maýa goýumlaryň obýektleri gurlup gutarylyp ulanylmaga berlenden soň olar esasy serişdeleri emele getirýärler.

Erkin Annageldiýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň  3-nji ýyl talyby