Häzirki zamanda köp sebitlerde injir miwelileriň içinde iň wajyplaryň biri hasaplanýar. Ol ähli ýurtlaryň subtropiki zonalarynda ýaýrandyr. Finnik palmasy, üzüm we zeýtun bilen bilelikde injir gadymlardan bäri ösdürilip ýetişdirilip gelýär. Aziýada 5000 ýyldan bäri ekilýär we hasyl alynýar.

Ýabany görnüşde Ortaýer deňziň töwereklerinde, Kiçi Aziýada, Hindistanda, Türkmenistanda ak, sary, gara, gök iýmiş berýän görnüşleri duş gelýär.

Medeniýetleşdirilen miweli ösümlikler görnüşinde injir Azerbaýjanda, Gruziýada, Türkmenistanda, Täjigystanda we başga ýurtlarda ekilýär. Umuman dünýäniň 40 döwletinden gowuragy ony senagat-önümçilik maksady bilen ekýärler. Injiri has köp öndürýän ýurtlar: Portugaliýa (200 müň tonna), Italiýa (150 müň tonna), Gresiýa (130-145 müň tonna) we Ispaniýa (100 müň tonna). Bulardan başga Albaniýada, öňki Ýugoslawiýada, Fransiýada, Bolgariýada hem ösdürip ýetişdirýär.

Aziýa ýurtlary injiri öndürmekde ikinji sebit diýip hasaplanýar, olar ýylda 250-300 müň tonna injir öndürýärler. Esasy ýurtlaryň biri Türkiýe, ýylda 200-220 müň tonna öndürip dünýäde injir öndürijileriň iň ulusy hasaplanýar. 35-40 müň tonna Siriýa, 8-10 müň tonnadan Liwan, Yrak, Afganistan; 5-6 müň tonna Eýran, 2 müň tonna çenli Hindistanda, Kiprda, Izrailde, Bangladeşde öndürilýär.

Bulardan başga-da Ýaponiýa, Afrika ýurtlary, ABŞ, Braziliýa, Awstraliýa ýurtlarynda injir öndürilýär.

FAO-nyň maglumatlaryna görä öňki SSSR döwletlerinde injiriň ýylda öndürilýän mukdary 13-14 müň tonna barabar eken (BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) – onuň esasy wezipeleri ösýän ýurtlara tehniki kömek bermek, oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmek we öndürilýän önümi ýaýratmakdyr. Onuň düýbi 1945-nji ýylda tutulýar, wekilhanasy bolsa Rimde ýerleşýär.

Şeýle hem Krymda, Moldawiýanyň käbir etraplarynda we Krasnodar ülkesinde hem injirden oňat hasyl alynýar.Özbegistanda we Täjigistanda injir agaçlarynyň gyşyna üstüni basyrýarlar.

Injiri ösdürmegiň has amatly ýerleri diýlip Türkmenistanyň günorta- günbatar bölegi we Azerbaýjanyň birnäçe etraplary hasaplanýar. Orta Aziýada has köp ýaýran sortlardan: Kadota, Krym, Özbegistan sary, Dalmatskiý, Wahşskiý ýaly sortlary  hasaplanylýar.

Annaýewa Leýla

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby