Raps-Рапс озимый -Brassica narus L.Raps – ýokary hasylly, tiz ýetişýän, aýaza çydamly geljegi uly bolan ot-iýmlik ösümlikdir. Ony gök agram almak, silos taýýarlamak üçin ösdürip ýetişdirýärler. Rapsyň 100 kg gök agramynda 15,7 iým birligi we 3 kg siňiji protein saklanýar. Ol ýokumlylygy, siňijiligi we düzüminde kletçatkany az saklaýandygy bilen tapawutlanýar.

Raps orulandan ýa-da mal bakylandan soň çalt ösýändigi üçin iri şahly mallar, dowarlar üçin möhüm öri meýdan oty hasaplanýar. Ol baharda 25-35 günde ýetişýär. Her gektardan 250-300 sentner gök agram berýär. Bir ösüş möwsüminde rapsy 2-4 gezek ormak we gektaryna 600-800 sentner gök agram almak bolýar.

Ösüş synalarynyñ, daşky gurluşynyñ aýratynlyklary.

Raps birýyllyk otjumak ösümlikdir. 1,5-2 metre ýetýän ok kök ulgamyny emele getirýär. Baldagynyň boýy 150 santimetre çenli bolup dik.ösýär.

Ýapraklary – uzyn sapakly, süýnmek-lanset we naýza şekilli bolýar.

Gül topbagy we gülleri – 20-40 sany açyk sary ýa-da ak reňkli iri güllerden ybarat salkym.

Miwesi-inçejik struçok.

Tohumy-şar şekilli garamtyl-goňur ýa-da açyk-mele reňkli bolýar.

Raps sowuga çydamly ösümlik. Onuň tohumy +2+30C gögerip başlaýar. Ol güýz ir ekilende gyşy oňat gyşlaýar. Ösüşiniň irki döwürlerinde suwy köp talap edýär. Ösüş döwründe bugdaýa görä 1,5-2 esse suwy köp harç edýär.Raps oňat düzümli, iýmit maddalaryna baý bolan toprak talap edýär.

Rapsyň Dublýanskiý,  Nemerganskiý 2268, Mytnisskiý 2 ýaly sortlary döredildi.

Hudaýberenow Kerwen,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň,

 Atçylyk taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.