Gyzyl kitap – seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky organizmleriň sanawy; görnüşleriň we aşaky görnüşleriň ozalky we häzirki ýaýran ýerleri, sany we onuň kemelmeginiň sebäpleri, gaýtadan dikeltmegiň aýratynlyklary, görnüşleri dikeltmek üçin häzirki wagtda görlen we görülmeli zerur çäreleriň ýazgysy. Gyzyl kitabyň halkara, milli(döwlet derejesinde) we ýerli nusgalary bar.

Gyzyl kitap barada düşünje. Ýitmek howpy abanýan görnüşleriň goragyny üpjün etmek üçin olaryň ýörite sanawy girizilen wagtlaýyn resminama – Gyzyl kitap döredilýär. Ilkinji Gyzyl kitap Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşigi (häzirki atlandyrylyşy –Tebigaty goramagyň bütindünýä bileleşigi) tarapyndan 1966-njy ýylda döredildi. Bu halkara bileleşik täjirçilik däl guramasy bolup, ol 1948-nji ýylda döredilýär. Onuň ştab-kwartirasy Morž şäherinde (Şweýsariýa) ýerleşen. Bileleşigiň düzümine dünýäniň 84 döwleti, biodürliligi goramak meseleleri bilen meşgullanýan ýüzlerçe täjirçilik bileleşikleri we müňlerçe alymlar girýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz hem bu bileleşigiň işjeň agzasydyr.

Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy we köpeldilmegi diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem bütin dünýä möçberinde biologik dürlüligi gorap saklamaga mynasyp goşantdyr. Adamzat jemgyýetiniň umumy öýi bolan çylşyrymly gurluşly Ýer ýüzüniň her bir künjegi hemişe ýadawsyz üns berilmegini we aladany talap edýär. Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerlerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Bu işler ýurdumyzyň bütin ekologiýa ulgamyna, şol sanda topragyň, suwuň, howanyň arassalygyna, biodürlüligiň ýagdaýyna zyýan ýetirmeli däldir. Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak biziň mukaddes borjumyzdyr. Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny goramak we has-da baýlaşdyrmak boýunça döwlet derejesinde uly işleri geçirýäris. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr we Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitaby — milli baýlyklarymyz barada gymmatly ylmy işdir. Ýurdumyzyň Gyzyl kitaby „Tebigaty goramak hakynda“, „Aýratyn goralýan döwlet tebigy ýerler hakynda“, „Ösümlik dünýäsi hakynda“, „Haýwanat dünýä hakynda“ Türkmenistanyň Kanunlaryna, halkara tebigaty goramak konwensiýalary boýunça ýurduň borçnamalaryna, döwlet ekologik maksatnamalaryna we meýilnamalaryna laýyklykda wagtlaýyn hereket edýän resminamadyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitaby – döwletimiziň çäklerinde duşýan haýwanlarynyň, ösümlikleriniň we kömelekleriniň seýrek we ýitmek howpy astyndaky görnüşleri (aşaky görnüşleri), olaryň biologiýasy, ýaýraýşy, sanynyň azalmagynyň we ýitip gitmeginiň sebäpleri baradaky gymmatly ylmy maglumaty özünde jemleýän, yzygiderli täzelenýän we kämilleşdirilýän döwlet sanawydyr. Ol indi 40 ýyla golaý wagt bäri ýöredilip gelinýär.

Geladowa Mahym

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby