Oba hojalygyny umumy elektrikleşdirmegiň esasynda maldarçylykda, ekeraçylykda işleriň awtomatlaşdyrmagyň artmagy we elektrik energiýasynyň biologik hadysalara ornaşdyrylmagy elektrik ölçeýji gurluşlar bilen berk baglydyr.
Häzirki wagtda elektrik we elektrik däl ululyklary ölçemekde elektrik ölçeýji abzallar örän giň ýaýrandyr, sebäbi olar belli bir aralykdan, üznüksiz ölçemekligi üpjün edýär (zerur halatda ölçelýän ululyk ýazga geçirilýär); ýokary duýgurlyga, ygtybarlylyga, elektrik energiýasyndan abzalyň özüniň az peýdalanmagyna, ýönekeý gurluşa we başgalara eýedir.
Elektrik toguny ölçeýji abzallar ýerine ýetirýän wezipesi boýunça şu aşakdaky esasy toparlara bölünýär:
AMPERMETR – toguň güýjüni ölçeýär. Elektrik zynjyryna yzygider birikdirilýär. Abzalda (A) harpy bilen bellenilýär. Ölçeg birligi Amper (A).
WOLTMETR –naprýaženiýäni ýa-da elektrik hereketlendiriji güýji (e.h.g.) ölçeýär. Elektrik zynjyryna parallel birikdirilýär. Abzalda (V) harpy bilen bellenilýär. Ölçeg birligi Wolt (V).
WATTMETR – elektrik energiýasynyň kuwwatyny ölçeýär. Elektrik zynjyryna yzygider hem-de parallel birikdirilýär.Abzalda (W) harpy bilen bellenilýär. Ölçeg birligi Watt (Wt)
ELEKTRIK HASAPLAÝJY(sçýotçik)–sarp edilen elektrik energiýasyny ýa-da elektrik energiýasynyň işini ölçeýär.Abzalda (Wh) harpy bilen bellenilýär. Ölçeg birligi kiloWatt.sagat (kWt.sag). OMMETR – garşylygy ölçeýär. Ölçeg birligi Om (Om).
Hojakuliýew Merdan
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby