Biologiki dürlülik – bu gury ýerdäki we suw aýtymlaryndaky ekologik ulgamlaryň düzümine girýän ähli janly jandarlaryň we ekologik toplumlaryň köp dürlüligidir. Türkmenistanyň biodürlüligine, onuň 20 müňden gowurak haýwan we ösümlik görnüşleriniň ekoulgamlardaky düzüm toplumlary degişlidir. Olaryň ekologik toplumlarynyň köpdürlüligi türkmen raýatlarynyň däp-dessuryna, medeniýete we ýurdumyzyň ykdysady ösüşine öz täsirini ýetirýär. Mysal üçin, maldarçylykda, ekerançylykda, awçylykda, balykçylykda, dokmaçylykda, lukmançylykda, sungatçylykda, azyk we derman-däri önümlerini taýýarlamak we beýleki önümçilik ulgamlarynda.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny berkarar edenden soň öz biologik baýlyklaryny halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanmaklyga çalyşýar. Onuň geljekde ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi üçin netijeli boljakdygy şübhesizdir.

Biologik dürlülik baradaky konwensiýa 1992-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ne Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde kabul edildi. Türkmenistan döwleti 1996-njy ýylyň Iýun aýynyň 18-ne “Biologik dürlülik baradaky konwensiýa” gol çekdi we ony tassyklady.

Bu meselede döwletimiz öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeklige çynlakaý girişip, Bütindünýä ekologik gaznasynyň maliýe goldawunda “Biodürlüligi gorap saklamagyň baş ugry we hereket meýilnamasy” taslamany taýýarlady (Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti). Onuň esasynda Türkmenistanyň biodürlüligini gorap saklamagyň baş ugry we hereket meýilnamasyny amala aşyrmak çäreleri bellendi we hereket meýilnamasynyň geçiriljek ýerleri anyklandy (ol 55 hereketden we 253 sany çäreleriň toplumyndan durýar). Onuň mazmuny üç bölümden durýar:

-ýurduň biodürlüligini gorap saklamagyň baş ugrunyň wezipeleri we maksatlary;

– baş ugruň ülüşlerini durmuşa geçirmegiň ýollary we edilmeli işleriň sanag ýazgysy;

– resminamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik we bahalandyryş netijeleriniň hasabaty.

Söhbet SETDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.