Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň beýik akyldar ogly, söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesi, şan- şöhraty, abraýy diňe bir halkymyzyň arasynda sarpalanman, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem onuň mertebesi, at-abraýy has-da belentde tutulýar.Magtymguly Pyragy bütündünýä adamzat jemgyýetiniň filosofy, danasy bolmak bilen onuň bu günki gün dünýä edebiýatyndaky sarpasy görüli- eşidilmedik derejede beýgeldi. Türkmenistan diýarymyz Garaşsyzlygymyzy alanyndan soň geçmiş edebiýatymyza we sungatymyza sarpa goýmak ýoňa öwrüldi. Bu ýyl hem ýylymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen “Pähim- paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” diýip, atlanydyrlmasy biziň başymyzy göge ýetirdi. Şol nukdaýnazardan hem Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa has –da beýgeldi. Akyldaryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir- garaýyşlary, durmuş zerurlyklaryny beýan edýän köpugurly pelsepewi taglymatlary şu günki kämil jemgyýetimiziň akyl hem-de ruhy goldawy bolup hyzmat edýär. Beýik şahsyýetiň çeper söz arkaly aňladýan pikirleri, garaýyşlary we gymmatly öwütdir-ündewleri edebiýaty öwrenijileriň ünsüni öňden bäri özüne çekip gelýär.

Akyldaryň dünýä edebiýatyndaky orny beýikligini beýik filosof adamzat jemgyýetiniň beýik wekili bolmagy bilen hem-de Türkmenistanyň bu günki gün ösüşleri, ykdysady mertebesi hem-de medeniýeti bilen baglylykda Magtymguly Pyragynyň çeper pikirlenmesine düýpli aýratynlyklar bilen bir hatarda onuň bütin dünýä ähmiýetli halklaryň gatnaşyklary, parahat asuda durmuşda, Berkarar döwletde agzybir, bir supranyň başyna jem bolup ýaşamaklary ugrunda eden arzuw- niýetleri, onuň döredijiliginde baş pikir bolup janlanýar. Bu bolsa, beýik medeniýetli taryhy bolan – türkmen halkynyň abraýyny öňküsinden hem artdyrdy. Ruhy gymmatlyklary umumylaşdyrmak, baýlaşdyrmak, halky birleşdiriji güýje öwürmek akyldaryň döreden şygyrlarynyň esasy pikiri bolmagynda galýar. Pyragynyň döredijiligi ýokary okuw jaýlarynda hem-de mekdeplerde çuňňur öwrenilýän bolsa, häzirki döwürde beýik medeniýetleriň nusgasy bolan türkmen halkynyň her bir ogly gyzy bu ajaýyp şahsyýetiň döredijiligini aýratynlykda hem öwrenýär. Bu jähtden ser salanyňda agzybirlik, birleşmek, bitewi döwlet gurmak pikirini Magtymguly Pyragy umumy görnüşde dürli deňeşdirmeleriň ýa- da meňzetmeleriň üsti bilen diňleýjiniň aňyna, kalbyna ussatlyk bilen ýetiripdir.Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä alymlary hem öwrenýärler. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň döredijili dürli dillere terjime edilýär we şol dilleriň alymlarynadyr, ýaşlaryna öwrenmäge doly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz dünýä nusgawy şygryýetiniň beýik ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine şeýle baha berýär: “ Akyldar şahyryň adamzada ýadygär galdyran şygyrlar diwany ýiti zehine, pähim paýhasa eýlenen baý filosofik mirasy, umman ýaly giň hem-de çuň pikirleri ýyllar we asyrlar geçse-de bu gün özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde halklarydyr, döwletleri baglanyşdyryp, millionlarça ynsanyň aňyna we ruhy ahlak ýörelgelerine, ýüregine hem-de duýgularyna güýçli täsirini ýetirýär” Şeýlelikde beýik medeniýetleri özünde jemleýän türkmen halkynyň beýik akyldary bu günki gün Köpetdagynyň eteginde beýik ýerden ser salyp, ösen zamanasyna seredip otyr. Şol jähtden seredeniňde ol gelejegi nazarlap, türkmen halkynyň bu günki bagtyýar durmuşyna beýik ýol görkezipdir diýip, arkaýyn aýdyp bolar. Bu günki gün täze taryhy döwürde ussadyň edebi mirasyny içgin öwrenmek, wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, şygyrýetiniň onuň halkyna goýup giden edebi çeper mirasyny dünýä halklarynyň alymlary tarapyndan berk öwrenilmegi hem- de akyldaryň döredijiligine bagyşlap geçirilýän birnäçe döredijilik duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, halkara ylmy maslahatlary türkmen halkynyň edebiýatynyň hem-de bu beýik şahsyýetiň döredijiliginiň aň-düşünjesiniň onuň ruhy hem-de medeni gymmatlyklarynyň nä derejede beýikdigini dünýä halklarynyň aňyna berk we kämil derejede ýetirýär. Dünýä paýhas ummanyny boýlan , edebiýatyň iň çuň gatlaklary bilen ýokary derejeli mertebäni gazanmak üçin gadymy türkmen halkynyň wekili bolan Pyragynyň hatyrasyna geçirilýän çäreler häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky taryhy wakanyň has- da dabaralanmagyna uly itergi berýär. Magtymgulynyň pelsepeli pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp diňe bir milli bolman, eýsem onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrüldi. Türkmen halky bolsa, beýik şähyryna guwanýar, ony sarpalaýar. Hut Gahryman Arkadagymyzyň Pyraga bagyşlap ýazan şygrynda hem şeýle sarpanyň bahasy belli bolýar.Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim- päýhasa ýugrulan goşgulary bilen dünýä halklarynyň kalbynda müdimi orun eýeledi. Dünýä halklary Magtymguly Pyragyny türkmen halkynyň görnükli beýik şahsyýeti hem- de parahatçylygyň we ynsanperwerligiň waspçysy hökmünde tanady. Ynsanperwer duýgulary öz şygyrlarynda dünýä ýaýan beýik Pyragynyň huzurynda şeýle beýik mertebäni gazanmak, şeýle hem dünýä bilermenleriniň Magtymguly Pyragynyň eserlerinde raýdaşlyk, jebislik, özara düşünişmek, dostana gatnaşyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ahlaklylyk we deňlik ýaly garaýyşlaryň agdyklyk edýändigini belläp, olaryň ÝUNESKO-nyň öňe sürýän ýörelgeleri bilen kybapdaşdygyna aýratyn ünsi çekýär.Biziň beýik edebiýatymyz bar. Şol sebäpli hem beýik sungatymyzda edebiaýtymyzy şuglalandyryp,beýik Pyragynyň şygyrlaryny aýdym- sazyň üsti bilen beýan etmek, sungat hem-de medeniýet işgärlerimiziň paýyna düşýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymdyr-sazlar bu gün Berkarar döwletde bagtyýar ýaşaýan halkymyzyň toý- baýramlarynyň bezegi. Uly göwrümli saz eseri hökmünde “Magtymguly” operasyny, dutar bagşy sazandalarynyň has takygy Sahy Jepbarowyň, Mäne Garaýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň “Pyragy” sazyny hem-de halkymyzyň arasynda aýdymlary uly hormat-sarpa bilen diňlenilýär.

Üç ýüzden gowrak aýdym –sazlary bilen Magtygmulyny dünýä tanadan birnäçe sungat işgärlerimiz bolsa, onuň şygyrlarynyň üsti bilen halkymyzyň mertebesini hem müň gez beýgeldendir. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň uly ussatlyk bilen döredip, ýerine ýetirýän aýdymlary hut Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilip, onuň setirlerindäki sözleriň düýp özeni bilen diňleýjiniň aňyna we ýüregine juda kämil görnüşinde ýetendir. Magtymguly Pyragynyň metr ölçeg biriligi bilen hasaplamasy esasynda onuň agaç diýip alýan ölçeg birlikleriniň birnäçe metri ýerine ýetirýän ölçeg bilrikdigi öwrenilendigi eýýämden mälimdir. Şahyr dünýäniň ýüzünde gören- eşidenlerini, bilenlerini, özüniň öwrenen astronomik hem- de geografiýa ylymlaryndan hem- de geometriýa ylymlaryndan gözbaş alýandygyny subut edýär.Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şygryýet ýa- da edebiýat däl- de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, dolanyp, dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Adam bu älem barlygynyň içinde diňe bir kiçijik nokat. Ol barlygy iňňäniň gözünden geçirip, onuň göwresiniň ululygyny göz öňüne tutmak däl- de ol göwredäki jany göz öňüne tutmak has wajyp. Köňül yşygynyň ýanynda beýleki barlyklaryň hiç bir güýjüniň ýoklugy, köňül bolmasa, başga zatlardan asla dirilik gözlemeli däldigini subut edýän mysallar köp, oňa ýüzlenip otursaň.

Dünýä beýik medeniýetleriň gözi bilen bakýan türkmen halky gelejegi nazarlaýan ösüşleriň içindedir. Nebit , gaz ulgamyndan başlap, sanly ykdysadyýetiň, medeniýetiň hem-de taryhy ösüşleriň diri şaýady bolmak bilen biz bu gün Pyrgaynyň huzurynda ony mertebeleýäris. Bu bolsa, biziň nesiller öňündäki borjumyzdyr. Magtymguly Pyragynyň täze heýkeli bu günki gün dünýä görelde bolmak bilen özüni tanatdy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanynyň ýagny Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň binýadynyň berk bolmagynyň gije- gündiz aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Söhbet SETDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.