Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine çykýan döwründe ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler döwletiň binýadynyň barha berkidilýändigini äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň ylmy esasyny pugtalandyrmak, bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hususan-da, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünärlerini ele almaklary, ylymlaryň belentliklerine tarap ynamly hereket etmekleri, dünýä ülňülerine laýyk hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär.

Bu günki günde türkmen ýaşlary eziz Watanymyzyň ösüşlerini, halkara abraýyny belende galdyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bolsa, ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Täze kitapda ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, bilimde we sportda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tapawutlanan ýaşlaryň atlary bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň hem adynyň tutulmagy biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly ösüşler gazanyldy, şol bir wagtda bilim öwretmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, bilim ojaklarynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler ýola goýuldy.

Şemşat DURDYÝEWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.