Ylym-bilim ähli döwürlerde hem döwletiň ösüşini kesgitleýän esasy faktor bolup geldi. Häzirki wagta-dünýäde ylmy önümçilige ýyldyrym çaltlygynda geçirilýän döwründe hem dünýäniň kuwwatly döwletleri bilimi ösdürmäge, ylmy hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berýärler. Şol sanda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem esasy ugruny ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge garadýar. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris”
Ýurdumyzyň her bir pudagyna ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary, tehniki enjamlary dogry we netijeli ulanmak üçin dürli hünär ugurlarynda okaýan ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň aýratynlyklaryna üns berilmegini talap edýär we netijede önümçiligiň kämil derejede ýola goýulmagy gazanylýar. Şol sebäpli hem beýleki okuw jaýlarynda boluşy ýaly lukmançylyk orta hünär mekdeplerinde hem zähmet we inžinerçilik psihologiýasy öwredilýär. Çünki, geljekki lukmançylyk işgärleri ýaşaýyş jaýlarynda, lukmançylyk otaglarynda her bir peýdalanylýan enjamlaryň inženerçilik talaplaryny doly kanagatladyrmagyny gazanmalydyr we näsagyň fizialogiki, psihiki ýagdaýyny göz öňüne tutmalydyr. Munda enjamlaryň reňkinden başlap, olaryň ýerleşdirilýän ýerlerine çenli ähli zat göz öňüne tutulmaly.
Alymlar döwrebap ulgamlary tehnologiki we guramaçylykly diýen iki topara bölýär. Tehnologik toparda adam operatoryň hyzmatyny ýerine ýetirip, önümçilik maşynlaryny dolandyrýar. Bu topardaky adamlar diňe bir fiziki zähmet çekmän, agyr akyl zähmetini hem başdan geçirýärler. Sebäbi durmuşymyza ornaşdyrylýan enjamlar günsaýyn kämilleşýär, çylşyrymlaşýar. Ikinji toparda (guramaçylyk topary) bolsa adyndan belli boluşy ýaly adam tehniki serişdeleri peýdalanyp, adamlaryň toparyny dolandyrýar.
Häzirki wagta zähmet we inženerçilik psihologiýasy bütin dünýä boýunça uly ösüşe eýe bolup. ol matematika, anatomiýa, lukmançylyk we informatika ýaly ylymlar bilen berk baglanşyklydyr. Her bir medisina işgäriniň döwrebap tehnologiýadan baş alyp çykmagy häzirki ösen jemgyýetde zerurlyk hasaplanylýar. Çünki, ýurdumyzyň saglyk ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, lukmançylyk ylmy garaýyşlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallary bilen günsaýyn ösýär, özgerýär we daşary ýurduň iň kämil lukmançylyk abzallary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa bu ugurdan okaýan, zähmet çekýän ýaşlarda buýsanç duýgusyny döretmek bilen, olaryň öňünde ullakan jogakärçilik goýýar.
Şeker Goşaýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty