Pedagogika we psihologiýa ylymlary Pyragynyň döredijilik laboratoriýasynda ynsany, onuň indiwidual psihologik aýratynlyklaryny, terbiýesini, ählumumy ösüşlerini derňeýän, belli-belli usullaryň üsti bilen olaryň mazmunyny açyp görkezýän ylmy garaýyşlaryň bitewiligini özünde jemleýär.

Çykyşymyzyň adyndan belli bolşy ýaly, biziň maksadymyz goşgularyň pedagogikasyny derňemek bolman, eýsem olaryň psihologik tarapyny makalanyň obýektine öwürip işlemekligi göz öňünde tutýar. Şol nukdaý nazardan psihologinyň meseleleri, esasan hem şahyryň döredijiliginde örän köp duş gelýän ýaş aýratynlyklary, olaryň basgançaklary üns merkezine geçýär. Şahyryň bu meselelerden örän başçykaryjylyk bilen gelen netijeleri ýaşaýyş durmuşymyzdan susulyp alynýar, ýa-da başgaça aýdylanda empiriki garaýyşlaryň önümidir.

Magtymguly çaganyň, galyberse-de ynsanyň manyly ömrüni degişli ýaş basgançaklaryna bölýär. Her bir ýaş basgançagyna ýaşaýyş durmuşdan ugur alyp psihologik häsiýetnama berýär. Şeýle häsiýetli goşgulara “Joşa ýetdiň”, “Sana geldiň”, “Düşen günlerim”, “Magny bilmez ýaşynda”, ‘Don gerek”, “Ýetişdi salym”, “Baka-baka gidersen!”, “Daň atmasdan burun”, “Lerzanadyr”, “Garrylykdyr ýaranlar” we beýleki goşgularyny mysal getirip bolar. Öwrenilýän goşgularda ýaş aýratynlygy basgançaklary ýüz ýaş bilen jemlenýär. Ýüz ýaş ynsan üçin arzuw menzili. Ýöne şol pursatlara ýetmek arzuwy-motiwasiýa gowşaýar. Ol diňe şygryýetde detal, çeper serişde hökmünde goşgulary, goşgy setirlerini jemleýär, ähli zada-ynsan durmuşynyň soňky menziline ýetendigine nokat goýýar:

“Düşen günlerimde” ýüz ýaş wysalasy şeýle halda beýan edilýär:

Ýüz ýaşa ýetirmän alarlar janyň,

Uzadyp goýarlar biçerler donuň,

Magtymguly hemraň bolsun imanyň,

Jan jesetden aýra düşen günlerim. Bu ýaşda ynsan ömür bilen ömüriň serhedine golaýlaşýar.

“Joşa ýetdiňde” togsan bilen ýüz ýaşyň häsiýetli aýralygy suratlandyrylýar. Ýüz ýaşyň togsandan başlanýandygy, ýüze ýetmegiň çetindigi görkezilýär. Ol şeýle suratlandyrma eýedir:

Togsanda ýaňylar söz,

Gara bolup görner hoz,

Gowşar süýek, alar göz,

Ýüz müň edişä ýetdiň.

“Sana geldiňde” ýüz ýaşyň hakyky sypaty, häsiýeti we keşbi örän jaýdar janlandyrylýar. Adamyň fiziologik hem-de psihiki-ruhy sazlaşygynyň togtaýyş pursatlary öz beýanyny tapýar. Ol şeýle ussatlyk bilen beýan edilýär:

Sandan çykdyň togsan ýaşda,

Iman dile togsan bäşde,

Magtymguly, sen ýüz ýaşda,

Bir belli mekana geldiň.

Ine, beýik filosofyň, görnükli pedagogyň we psihologyň ýaş basgançaklary, ynsanyň ösüş derejesi, ösüşleriň togtaýyş prosesleri hakyndaky gelen empiriki garaýyşlary şulardanybarat. Beýik ynsanyň psihologik garaýyşlary pedagogika, psihologiýa ylymlarynyň şu günki gelen netijeleri bilen gabat gelýär. Şahyryň ähli ynsanperwer garaýyşlarynyň anyklygy, dogrulygy ylym tarapyndan subut edildi. Öz gezeginde şahyryň empiriki garaýyşlary, durmuşy çaklamalary ylymyň ösmegine itergi berdi.Magtymguly Pyragynyä döredijiligini dünýä ýaýmakda uly tagallalar erýän Gahryman Serderymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun!

Merjen BORJAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Döwlet Dünýä Dilleri Institutynyñ Psihologiýa- pedagogika bilimi ugrunyñ magistranty