Komputerleriň durmuşymyza ornaşmagy bu giň adamzat dünýäsinde bolup geçýän ösüşleriň deňagramlylygynda esasy meseleleriň biridir. Häzirki zaman tehnologiýalar eýýämi üstünliklere dyzaýan adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar. Başlangyç parametrlerini sazlamak mümkinçiligiň kömegi bilen alynjak netijelerini üýtgedip bolýar. Işleýän wagtyňyzda otagyň ýagtylygyny hem göz öňünde tutmaly. Kompýuteriň beýleki bir möhüm gurluşy –onuň ýadydyr.Ýat – informasiýalary saklamak üçin niýetlenen
gurluşdyr. Informasiýalary saklamak üçin, ýadyň dürli
görnüşleri ulanylýar.Operatiw ýat berlenleri we programmalary olaryň ýerine ýetirilýän wagty ýatda saklamak üçin niýetlenendir.Operatiw ýatda saklaýjy gurluş bir bütewi ýere ýygnalan mikroshemalaryň ýygyndysyny öziçine alýar.Maglumatlaryň ýygnalyş usullary hakynda aýtmak üçin komputerde gerek bolan ähli enjamlary bar bolan bir ýere toplamak we programmirlemegiň iň ýokary derejesini üstünlik berýär.Ýagtylyk çeşmeleri has doly ýagtylykly nolluk pulsasiýaly bolmaly. Dogrusy komputerleriň kömegi bilen edilýän işler adamzadyň gündelik işleriniň ýerine ýetirilmesi esasynda birnäçe edilmeli işleriň wgatyny sazlap, olary bolsa,hakykatdan hem admaa boýun bolup duran hyzmatlara birikdirdi. Dünýä tejribesinde ýüze çykan tehnologiýalar zamanynyň netijesi bu günki gün adamzady ösüşlere äkitse- de birnäçe wagtyň dowamynda tehnologiýalaryň gapdaly bilen goraýjynyň ýüze çykmagy hem şert bolmaga başlady. Häzirki zaman ösen tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykýan meselelerde komputerleriň orny we olaryň wezipeleri bilen bir hatarda howpsuzlygy hem-de olaryň möçberiň oňaýly we kiçi tygşytlylygy eýelemekleri hem ýokary wezipeli meselelere geçdi. Häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň komputer ulgamy bilen amala aşyrylmagy dünýä adamzat jemgyýetinde hat- da emeli aňa çenli barylyp ýetilmegi bolsa, bu ajaýyp zamanamyzyň ösüşlerinden mysaldyr.
Häzirki zaman tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykan esasy üpjünçiligiň komputerler bilen baglanşykly bolmagy, manitoryň öňünde oturan adamlaryň dünýäniň ýüzünde müňlerçe bolmagy eýýäm biziň durmuşymyza üýtgewsiz ornaşan komputer üpjünçiliginiň birlikde howpsyzlygyny gazanmak hem alymlaryň borjydyr. Komputeri, hem- de islendik monitory, ekrany çakdanaşa ulanmak adam bedenine oňaýsyz täsizirini ýetiribiler. Elbetde, komputeriň biziň durmuşymyza ornaşmagy bilen büs- bütün durmuşdaky köp zatlaryň özgermegi bolup geçdi. Dünýäde agramy ep- esli tonnadan gowrak bolan ilkinji kompýuter 1945- nji ýylda Amerikada döredildi. Her bir ösüşiň dogrusy öz taryhy bar. Komputer ulgaymynyň ösüşlerinde ýüze çykan nijeme päsgelçiler we ösüşler, ulanyjynyň peýdasy ähli agramly meselelere tutuş ulgamlaýyn garalmagy bolsa, komputerler zamanynyň ilkinji möhüm garaýyşlaryna ýüze çykmaga ýol açdy. Informasiýa göterijä ýazyp boljak informasiýanyň iň aňryçäk möçberine onuň sygymy diýilýär.Informasiýa mukdarynyň ölçeg birligi deregine baýtkabul edilendir. Informasiýa göterijileriň sygymy aşakdaky birliklerde ölçelýär.Informasiýany uzakmöhletleýin ýatda saklaýangurluşlar. Gaty magnit disklerinde ýygnaýjylar,çeýe magnit disklerinde ýygnaýjylar.Optiki disklerde ýygnaýjylar .Informasiýany uzak möhletleýin ýatdasaklamagyň möhüm gurluşy – informasiýany gaty magnit disklerinde ýygnaýjydyr, oňa winçester diýilýär. Ol üsti magnit örtükli, üstünde ýazýan we okaýan kellejik ýerleşen,aýlanýan diskleriň toplumydyr .Umuman komputer üpjünçiliginiň gapdaly bilen onuň ulanyjylyk häsiýetindäki ýüze çykýan prosesleriň zyýansyzlandyrylmagy hem bu günki gün wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen olar san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar. Komputerleşdirilen otaglar, komputerleşdirilen edara – kärhanalar häzirki zaman ösen tehnologiýalara laýyklykda belli bir hereketi ýerin eýetirmek bilen ýurdumyzda hem-de dünýäde komputersiz ýaşaýyşyň ýoklugyny subut etdi. Häzirki zaman ösen sanly ulgamlarynyň birleşmesi esasynda dünýäniň çar künjünden bir – birek bilen tor arkaly gatnaşyk saklamak, ykdysady hem – de material ölçegleriň hereketi bilen ýola goýulýar. Ösen tehnologiýalary hem-de maglumat ulgamyny ýerine ýetirmek hem-de ony öz durmuşyňa berk ornaşdyrmak bolsa, bu günki gün häzirki zaman ösen ýaşaýyşda gerekli ulgamyň sanly bazardygyny subut etdi. Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar. Manitorlaryň ýüzünden adamyň gözlerine zyýansyzlandyrmak işleri bolsa, häzirki zaman goraýjylyk tehnologiýalarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup biler. Elbetde komputer tehnologiýalary biziň durmuşymyzda uly orun tutýar.Haýsy ýerde bolsaň hem komputerleşdirlen durmuşymyzyň iň wajyp ýerlerini , ýagny adamlaryň birnäçesiniň birlikdäki etjek işlerini komputerleriň ýerine ýetirip bilýändigini biz bilýäris. Şol hususda hem komputeri birlikde ulanylmak hem – de täze iş orunlarynyň döremegini gazanmak bolsa, ilkinji nobatda biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirjek üpjünçiligi ýüze çykarýar. Şeýle – de bolsa, komputeri üznüksiz ulanan wagtyňda açyk howa çykmak, tebigaty görmek we şonuň bilen birlikde hem köp suw içmek ýaly düzgünleri hem ýatdan çykarmaly däl.Hem komputeriň goraýjylarynyň hem- de ynsan bedenini goraýjylaryň aladasy bilen ýaşaýan lukmançylyk ylmy häzirki döwürde bu meselede uly gyzyklanma döredýär. Tehnologiýalaryň peýdasy hem- de ondan goranmagyň düzgünleri bilen gyzyklanmak hiç wagt hem zyýan etmejegi düşnüklidir.
Sanly tehnologiýalar babatda alnyp barylýan ylmy- barlag işleriniň netijelerini okadylýan dersler boýunça okuw maksatnamalaryny häzirki zaman tehnologiýalary bilen kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.Dünýäde häzirki zaman hem – de geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän bilim ulgamy üçin sanly tehnologiýasynyň çözgütlerini seljermegiň esasynda bilim ulgamynda okuw prosessini guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär. Okadylýan dersleriň sanawy durnukly bolan orta mekdepler bilen deňeşdirilende ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite dersler hem peýda bolýar.Ýokary okuw jaýlary bolsa, bilim ulgamynyň ösüşleri netijesinde häzirki döwürde juda uly üstünlikli netijeleri gazandy. Täze dersleri tejribede öwrenmek we özleşdirmek üçin kesgitlenen wagt örän çäklidir, şol sebäpli hünärmenleriň köpüsi bilimiň mazmunyny modelirlemekligiň usullaryň üsti bilen öwrenmekligi maslahat berýärler. Şeýlelikde komputerleriň programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy esasynda edilen işlere sarpa goýmak ,häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulgamy bilen gyzyklanýan islendik adama täze bir älemi açmaag kömek berdi. Edara kärhanalarymyzy ösen komputer ulgamlary bilen üpjün edilmegi, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň iň aňyrbaş tehniki üpjünçiligi bilen ýurdumyzdaky ösüşleri gazanmak esasy meselelerimiziň biridir. Şol sebäpli-de her bir ýurtda tehnologiýalaryň sanlaşrylmasynyň ösüşi ýaly biziň hem ýurdumyzda ösen tehnologik merkezler we sanlaşmalar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk , ýurt bähbitli işleri bilen amala aşyrylýar. Şeýle ösüşleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyza biziň ýurdumyzda bilim ulgamynda hem edilýän işleriň ýokary mümkinçilikler bilen ösýändigine köp sagbolsun aýdaýrys. Şeýle uly mümkinçilikler biziň ýurdumyzda öz ýoluny giňeldýär. Goý olaryň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Begjanowa Gurbanjemal,