Mercedez-Benz we BMW kompaniýalary birlikde Hytaý döwletinde täze zawodyny gurdular. Ägirt uly iki german awtoulag kompaniýasy Hytaýda öz güýçlerini birleşdirip, elektrikli awtomobilleri dünýä bazaryna çykarmagy maksat edinýär. Iki kompaniýa hem elektrikli awtomobilleriň kämilleşdirilmegi üçin uly maýa goýumlary goýjakdygyny aýtdylar.

Beijing Ion Qi New Energy Technology atly şereketi eýýäm guruldy.

BMW-niň diňe özi hem geçen ýylda Hytaýa 40 müňden gowrak elektrikli awtomobillerini eksport etdi.

Bu önümçiligiň ýola goýulmagynyň asyl maksady bolsa ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak meselesi hem durýar.

Erkin Annageldiýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby