Domna pejinde öndürilýän çoýnuňköp bölegi  polat önümçiligine ugradylýar.Çoýny polada öwürmek üçin, onuň düzüminden artykmaç uglerody we beýleki garyndylary okislendirmek usuly bilen aýyrmaly. Çoýny polada öwürmek üçin kislorod peçleri ulanylýar.

Peçde suwukhalyndaky çoýnuň üstüne zyňyndy metalbölekleri , arassa magdan,  hek goşulýar.şol garyndynyň üstünden bolsa, kislorodyň akymy goýberilýär. Şonda ilki bilen demir kislorod bilen birleşip, demir (II) oksidini emele getirýär.

2Fe  + O2=2FeO

Emele gelen demir(II) oksidi çoýnuň düzümindäki Si, Mn, uglerod ýaly garyndylary okislendirýär:

2FeO +Si=SiO2 +2Fe

FeO +Mn=MnO +Fe

FeO +C=CO +Fe

Emele geln oksidler SiO2, MnO ergin çoýnuň üstüne goşulan hekiň dargamagy netijesinde emele gelen kalsiý oksidibilen birleşip, şlak emele getirýär.

Çoýnuň düzüminde bar bolan fosfor kislorod bilen birleşip, şlaga öwrülýär.

P2O5 +3CaO  =  Ca3(PO4)2

Garyndy görnüşindäki kükürt bolsa , aşakdaky reaksiýa boýunça şlaga öwrülýär:

FeS +CaO =CaS +FeO

Emele gelen şlak polatdan aňsat saýlanýar. Şeýlelikde çoýun Si,  Mn, C, P, S ýaly  elementlerinden saýlanyp, polada öwrülýär.

Esenowa Dünýä

Aşgabat şäheri agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby