Ýatkeşlik – psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne geçmäge mümkinçilik berýär. Newrofiziologlaryň hasaplamalaryna görä, adam beýnisi 5-den 20 petabaýta çenli maglumaty ýatda saklamaga ukyplydyr. Bu göwrümi tutuş global tora deňeşdirip bolýar. Şeýle-de bolsa, köplenç telefony nirede goýandygymyzy ýa-da öýden çykanymyzda ütügi öçürendigimizi ýatdan çykaryp bilýäris. “Synergy” uniwersiteti, beýnimiziň işlemeginiň käbir syrlaryna düşünmäge kömek etjek bu ugurdaky ajaýyp ylmy gözlegleriň sanawyny taýýarladylar:
Ýat ätiýaçlygyny köpeldip bolar. Adamyň ýatkeşligi 25 ýaşa çenli ösmegini dowam edýär. Orta hasap bilen, mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi 19–20 ýaş aralygynda ýüze çykýar we beýni 50 ýaşdan soň gowşap başlaýar.
Suratlar ýatdan has çalt çykýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary surata düşürilen zatlaryň ýatdan has çalt çykýandygyny subut etdiler. Hakykatdan hem, belli bir zady surata düşürenimizde beýnimiz surata düşýän zadymyza däl-de, surata düşürmek bilen bagly hereketlerde jemlenýär.
Ýaramaz ýatlamalar has çalt ýitýär. Ýatdan çykarmak – ýadyň esasy wezipeleriniň biridir. Gereksiz maglumatlary pozmaga we nerw ulgamyna çakdanaşa agram düşmeginden goramaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, beýni iň ýakymly we islenilýän pursatlary ýatda saklap, ýaramaz täsirleri has çalt ýatdan çykarýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň
talyby Pälwanow Nurmuhammet