Hormatly Prezidentimiziň täze «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär.
Üç dildäki ylmy-populýar, syýasy-dokumental eseriň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän köpugurly çäreleriň öňüsyrasynda neşir edilmeginiň dünýä jemgyýetçiligini bu ugurdaky taryhy maglumatlardyr häzirki döwürde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy dünýäde ak bugdaýyň Watany hökmünde ykrar edilen gadymy Änew şäheriniň taryhyny täze pikirler, çuň garaýyşlar, giň düşünjeler, gymmatly ylmy maglumatlar bilen öwrenmäge ruhlandyrdy. Çünki bu ajaýyp kitap diňe bir medeniýetleriň hem-de siwilizasiýalaryň ojagyna öwrülen Änewiň şöhratly geçmişiniň däl, eýsem dünýäniň özgermegine hereketlendiriji güýç beren ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny we ösüşini öwrenmekde täze sahypalary açýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa eýlenen kitabynda: «Änewiň uly meşhurlyga eýe bolmagyna, gürrüňsiz, baryp XX asyryň başynda üsti açylan we «Änew medeniýeti» ady bilen giňden ykrar edilen eneolit zamanyna degişli arheologik medeniýet sebäp boldy» diýip ýazyşy ýaly, Änewiň bereketli topragynda ak bugdaýyň iň gadymy nusgalarynyň tapylmagy, bu gadymy şäheriň dünýäde meşhur bolmagyna esas boldy.
Hormatly Prezidentimiziň “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan hem-de “Rowaýata öwrülen geçmiş”, “Gatar — Bagabat — Änew”, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”, “Änew medeniýeti we türki dünýä”, “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky müdimi owaz” atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişi dabaralandyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew medeniýetiniň esasy häsiýetli tarapy bolsa, gürrüňsiz, daşy boýag bilen bezelen keramika önümleridir, olar eneolit zamanynda Türkmenistanyň Köpetdag eteginiň düzlüginiň ähli çäginde ýaýrapdyr» diýip milli senetçiligimiziň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan küýzegärçilik sungatynyň döreýiş taryhy barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli Dünya dilleri institutynyň mugallymy Ýoldaşowa.H