Komputerleriň durmuşymyza ornaşmagy bu giň adamzat dünýäsinde bolup geçýän ösüşleriň deňagramlylygynda esasy meseleleriň biridir. Adamzat ösüşinde tehnologiýaar häzirki döwürde aýratyn orna eýedir. Tehnologiýalar dünýäsinde täze üstünliklere ýetýän ýaşlaryň sany hem gitdigiçe köpelýär. Komputerleriň, asla awtomatlaşdyrlan ähli ugurlaryň ösüşinde ýaşlaryň goşandynyň bolmagy bu günki gün ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň daşynda jebis bolup, ösüşlerde öz goşantlaryny goşmak bilen birlikde häzirki zaman tehnologik täzeçilligi durmuşa ornaşdyrmak hem-de durmuşa ornaşan täzeçilligiň adamyň el zähmetini az çekmegi hem-de wagt sarp edijiligini tygşytlamagyň düzzgüneri esasynda bu ajaýyp ýol ýörelgäniň gelejekde has ýokary göteriljekdigine mysaldyr.Tehnologiki zamanada ýaşlar öz ugurlary boýunça täze açyşlary edýärler. Kompaniýalaryň ählisinde birnäçe ýyl bäri işländikleri sebäpli ösüşler yzygiderli dowam edýär.

Dünýädäki iň iri kompaniýalaryň täze usullara geçmesi bolsa, bu ajaýyp täzeçillikleriň içi bilen biziň ýurdumyzda hem öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekýän ýaşlarda üns merkezini döredýär.Elbetde “Apple” dünýäniň millionlarça ynsanlarynyň ünsüni özüne çekýän, gyzykly hem örän girdeýjili kompaniýa bolmak bilen tapawutlanýar. Aslynda suratkeşiň almanyň bolşundan başga bir şekilni tapmak üçin dişläp, zyňan almasynyň şekilini kompaniýa nyşan edinmesi gyzyklydyr. Emma onuň günbe- günden ykbalynda täzelikleriň bolup geçýändigi welin has- da gyzyklydyr.Täzeçilligiň aňyrsy ýok, ýaşlaryň zähmet bilen iş salyşmagy hem-de onuň täze usullara , ösen we sanlaşan tehnologiýalara has ýakyn bolmagy olaryň gelejegi has öňe äkitjekdiginden habardar edýär. Dürli ugurlar boýunça iň ilkinji töleg terminallaryndan başlap, her ýerde bu işiň täzeçilligi talap etmesi bolsa, her ädimde ösýän tehnolgiýanyň dura- bara adam zähmetini köp zatlardan durşuna aýyrjakdygyny habar berýär. Munuň özi bolsa, ýaşlaryň täzeçillige çalt öwrenişýändigini subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen hem- de Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijiligi esasynda ýurdumyzda dürli kärhanalaryň tehnologiýalar bilen üpjün edilmesi hem- de zähmetiň ýerini tehnologiýalaryň gaplap almasy ýurdumyzda ýokary göterilýän sanly ugurlaryň gerimini has-da giňeldýändiginden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ösüşlerine badalga hökmünde talyp ýaşlaryň döredijilikli açyşlary netijesinde zähmetiň ýerini tutýan tehnologik üpjünçilikleriň bu günki gün ýurdumyzyň her bir nokadynda ýerleşdirilmegi biziň gelejege sary barýan ýörelgelerimiziň has aýdyňlygyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen täze binalar toplumyny açyp ulanmaga bermegi biz talyp ýaşlary okamaga, öwrenmäge,

saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bütewileşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sany- sajagy ýok. Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban we Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize diňe üstünlikler hemra bolup, biz ýaşlara bildirýän ynamyna hem- de döredip berýän mümkinçiligine sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň üsti bilen tehnologiýalar eýýäminde üstünliklere dyzaýan adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar. Başlangyç parametrlerini sazlamak mümkinçiligiň kömegi bilen alynjak netijelerini üýtgedip bolýar.  Işleýän wagtyňyzda otagyň ýagtylygyny hem göz öňünde tutmaly. Komputerleriň kömegi bilen edilýän işler adamzadyň gündelik işleriniň ýerine ýetirilmesi esasynda birnäçe edilmeli işleriň wgatyny sazlap, olary bolsa,hakykatdan hem admaa boýun bolup duran hyzmatlara birikdirdi. Dünýä tejribesinde ýüze çykan tehnologiýalar zamanynyň netijesi bu günki gün adamzady ösüşlere äkitse- de birnäçe wagtyň dowamynda tehnologiýalaryň gapdaly bilen goraýjynyň ýüze çykmagy hem şert bolmaga başlady. Häzirki zaman ösen tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykýan meselelerde komputerleriň orny we olaryň wezipeleri bilen bir hatarda howpsuzlygy hem-de olaryň möçberiň oňaýly we kiçi tygşytlylygy eýelemekleri hem ýokary wezipeli meselelere geçdi. Häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň komputer ulgamy bilen amala aşyrylmagy dünýä adamzat jemgyýetinde hat-da emeli aňa çenli barylyp ýetilmegi bolsa, bu ajaýyp zamanamyzyň ösüşlerinden mysaldyr.

Häzirki zaman tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykan esasy üpjünçiligiň komputerler bilen baglanşykly bolmagy, manitoryň öňünde oturan adamlaryň dünýäniň ýüzünde müňlerçe bolmagy eýýäm biziň durmuşymyza üýtgewsiz ornaşan komputer üpjünçiliginiň birlikde howpsyzlygyny gazanmak hem alymlaryň borjydyr. Komputeri, hem- de islendik monitory, ekrany çakdanaşa ulanmak adam bedenine oňaýsyz täsizirini ýetiribiler. Elbetde, komputeriň biziň durmuşymyza ornaşmagy bilen büs- bütün durmuşdaky köp zatlaryň özgermegi bolup geçdi. Komputer ulgaymynyň ösüşlerinde ýüze çykan nijeme päsgelçiler we ösüşler, ulanyjynyň peýdasy ähli agramly meselelere tutuş ulgamlaýyn garalmagy bolsa, komputerler zamanynyň ilkinji möhüm garaýyşlaryna ýüze çykmaga ýol açdy. Komputer üpjünçiliginiň gapdaly bilen onuň ulanyjylyk häsiýetindäki ýüze çykýan prosesleriň zyýansyzlandyrylmagy hem bu günki gün wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen olar san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar. Komputerleşdirilen otaglar, komputerleşdirilen edara- kärhanalar häzirki zaman ösen tehnologiýalara laýyklykda belli bir hereketi ýerin eýetirmek bilen ýurdumyzda hem-de dünýäde komputersiz ýaşaýyşyň ýoklugyny subut etdi. Häzirki zaman ösen sanly ulgamlarynyň birleşmesi esasynda dünýäniň çar künjünden bir- birek bilen tor arkaly gatnaşyk saklamak, ykdysady hem-de material ölçegleriň hereketi bilen ýola goýulýar. Ösen tehnologiýalary hem-de maglumat ulgamyny ýerine ýetirmek hem-de ony öz durmuşyňa berk ornaşdyrmak bolsa, bu günki gün häzirki zaman ösen ýaşaýyşda gerekli ulgamyň sanly bazardygyny subut etdi. Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar. Elbetde komputer tehnologiýalary biziň durmuşymyzda uly orun tutýar. Biziň durmuşymyza ornaýan tehnologik garaýyşlar bolsa , biziň gelejege bolan gadamlarymyzyň has-da ynamlydygyna güwä geçýär. Haýsy ýerde bolsaň hem komputerleşdirlen durmuşymyzyň iň wajyp ýerlerini , ýagny adamlaryň birnäçesiniň birlikdäki etjek işlerini komputerleriň ýerine ýetirip bilýändigini biz bilýäris. Her bir ulanyjynyň ilkinji gezek tehnologiýa çemeleşmegi elbetde ilkinji nobatda onuň üşügi, aňy bilen baglanşyklydyr.Şol hususda hem komputeri birlikde ulanylmak hem- de täze iş orunlarynyň döremegini gazanmak bolsa, ilkinji nobatda biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirjek üpjünçiligi ýüze çykarýar. Şeýle- de bolsa, komputeri üznüksiz ulanan wagtyňda açyk howa çykmak, tebigaty görmek we şonuň bilen birlikde hem köp suw içmek ýaly düzgünleri hem ýatdan çykarmaly däl.Hem komputeriň goraýjylarynyň hem- de ynsan bedenini goraýjylaryň aladasy bilen ýaşaýan lukmançylyk ylmy häzirki döwürde bu meselede uly gyzyklanma döredýär. Tehnologiýalaryň peýdasy hem- de ondan goranmagyň düzgünleri bilen gyzyklanmak hiç wagt hem zyýan etmejegi düşnüklidir.

Sanly tehnologiýalar babatda alnyp barylýan ylmy – barlag işleriniň netijelerini okadylýan dersler boýunça okuw maksatnamalaryny  häzirki zaman tehnologiýalary bilen kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Dünýäde häzirki zaman hem – de geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän bilim ulgamy üçin sanly tehnologiýasynyň çözgütlerini seljermegiň esasynda bilim ulgamynda okuw prosessini guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär. Okadylýan dersleriň sanawy durnukly bolan ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite tehnologiýa bilen baglanşykly,sanlaşma ugry we takyk bilimler ugry boýunça hem dersler hem peýda bolýar.Ýokary okuw jaýlary bolsa, bilim ulgamynyň ösüşleri netijesinde häzirki döwürde juda uly üstünlikli netijeleri gazandy. Täze dersleri tejribede öwrenmek we özleşdirmek üçin kesgitlenen wagt örän çäklidir, şol sebäpli hünärmenleriň köpüsi bilimiň mazmunyny modelirlemekligiň usullaryň üsti bilen öwrenmekligi maslahat berýärler. Şeýlelikde komputerleriň programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy esasynda edilen işlere sarpa goýmak ,häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulgamy bilen gyzyklanýan islendik adama täze bir älemi açmaga kömek berdi. Şeýle uly mmükinçilikler biziň ýurdumyzda öz ýoluny giňeldýär.

Programma üpjünçiligine maglumat tehnologiýalarynyň berk ornaşdyrylmagyny gaznamakda edilen işleriň iň peýdaly tarapyna sygynmaga mümkinçilik tapsa bolar.geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän bilim ulgamy üçin sanly tehnologiýasynyň çözgütlerini seljermegiň esasynda işi guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek her bir komputer öwrenijisi üçin işi ýola goýmak üçin amatlydyr.

Olaryň geçiş tertibi, ýüze çykyşynyň we hereketiniň aýratynlygy görkezilýär. Tapawutlandyrylan obýektlere öwüşgün bereniňde berlende, olaryň ses öwüşgünlerini we hereket tizligini sazlap bolýar.

Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi kafedrasyna  hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi, programma inženerligi, kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünärler degişli bolup durýar.

Elbetde maglumatyň gerekli baza atylmagy, komputerde howpsyzlygy gazanmak we şol bir wgatyň özünde üstünlikleriň açaryny ele alamk üçin programmirlegiň düýp özeni hakda belli pikirlenmek gerekdir. Tehnologiýalar gözleg we gözleg ulgamlaryny gurmakda, daşary ýurt dillerini interaktiw öwretmek ulgamlarynda  gözleg maksatly dürli söz düzümlerini döretmekde tanamak ulgamlarynda deslapky okuwda giňden ulanylýar. Umuman komputer üpjünçiliginiň gapdaly bilen onuň ulanyjylyk häsiýetindäki ýüze çykýan prosesleriň zyýansyzlandyrylmagy hem bu günki gün wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Şeýlelikde adam zähmetiniň tehnologiýa geçiş zamanynda ýaşaýan ýaşlaryň täze döredijilik üstünlikleri has-da ýaýbaňlanýar.Edara kärhanalarymyzy ösen komputer ulgamlary bilen üpjün edilmegi, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň iň aňyrbaş tehniki üpjünçiligi bilen ýurdumyzdaky ösüşleri gazanmak esasy meselelerimiziň biridir. Şol sebäpli-de her bir ýurtda tehnologiýalaryň sanlaşrylmasynyň ösüşi ýaly biziň hem ýurdumyzda ösen tehnologik merkezler we sanlaşmalar Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk , ýurt bähbitli işleri bilen amala aşyrylýar. Şeýle ösüşleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.Biz ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly gahryman Serdarymyzyň ýol ýörelgelerinden ugur alyp, gelejegi nazarlaýan ösüşlerde ilkinjileriň hatarynda bolup, täze döredijilik üstünlikleri bilen hyjuwlanyp, okamaga hem-de tejribe toplap, gelejekde ýurdumyza gerek hünärmenler bolup ýetişmek üçin gije- gündiz jan aýaman zähmet çekeris diýip ynandyrasymyz gelýär. Şeýle buýsançly sözleriň elbetde türkmen halkynyň beýik medeniýetini , ykdysadyýetini, senagatyny ýokary göterjek tehnologiýalar zamanynda ýaňlanmasy biz talyp ýaşlara uly joşgun berýär. Goý, biziň ýurdumyz güllesin, gül açsyn!

Hemraýew Isa Hemraýewiç,

Türkmenistanyň Döwlet  energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.