Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda biz ýaşlara okamaga, döretmäge şol sanda ylmy işler bilen meşgullanmaga giň mümkinçililler döredilýär.
Aşgabat şäherindäki tehnologiýalar merkezinde geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşik bolsa munuň aýdyň mysalydyr. Bu bäsleşikde men hem öz institutymyzyň adyndan çykyş edenligim meni has hem begendirdi we buýsandyrdy.
“Golştinirlenen ýaş öküzleriň iýmitlendiriş düzgünlerini kesgitlemek” atly ylmy işim bilen çykyş edip eminleriň ünsüni özüme çekmegi başardym.
Ylmy işiň netijeleri barada aýdanymyzda bolsa Golştinirlenen tohum öküzler tiz ösýänligi bilen tapawutlanyp adaty topardan 20% artyk agram berdi. Bu bolsa ýurdumyzda Golştinirlenen tohum mallaryň ýokary et önümli mallara degişlidigini subut edýär. Bu öküzleriň on bäş aýlykdaky diri agramy 400 – 425 kilograma barabar boldy.
Bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzdaky dürli ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga okamaga döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak il- ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.
Durdyýew Ýazgeldi
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Weterinar lukmançylygy hünariniň 3-nji ýyl talyby