Häzirki wagta ýurdumyzda täze tehnologiýalaryň we täze amallaryň durmuşa ornaşdyrylmagy her bir işgäriň işini aňsatlaşdyrmana we işiň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Işi gurnamakda we alyp barmakda dürli gyzyklandyrmalaryň, aýratynlyklaryň we derejeleriň barlygy sebäpli, maglumat ulgamlaryny guramaklygyň dürli görnüşleri hem bar. Hiç bir ýeke-täk maglumat ulgamy hiç bir edaranyň ýa-da kärhananyň ähli isleglerini we talaplaryny doly derejede üpjün edip bilmeýär. Maglumat ulgamyny guramaklygyň esasynda duran maglumat ulgamynyň strategiki, dolandyryjy, bilim we ekspluatasiýa görnüşleri soňra funksional böleklere: satmak we marketing, önümçilik, maliýe, buhgalter hasaby we adam resurslaryna hem bölünýärler. Ulgamlar şu we beýleki islegleri kanagatlandyrmak üçin döredilýärler.
Guralyşyň dürli derejeleri maglumat ulgamlarynyň dört görnü- şine: ekspluatasiýa derejeli ulgamlara, bilim derejesiniň ulgamlaryna, dolandyryş derejesiniň ulgamlaryna we strategiki derejeli ulgamlara hyzmat edýärler.
«Ekspluatasiýa» işletmek derejeli ulgamlar amallary ýerine ýetirijileri goldaýarlar, satuw, depozitleri, hasaplaşyk wedomostlary nagt pula öwürmek we ş.m. guramanyň ýönekeý hereketlerine gözegçilik edýärler. Bu derejedäki ulgamlaryň esasy maksady – adaty soraglara jogap bermek we guramanyň üstünden tranzaksiýalaryň akymyny geçirmek. Bu soraglara jogap bermek üçin, maglumatlar aslynda elýeterli, operatiw we takyk bolmaly.
Çopanow Kakamyrat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Oba hojalygyñ ykdysadyýeti hünäriniň 4-nji ýyl talyby.