Türkmenistan iri we abraýly halkara guramalary bilen amala aşyrýan hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Döwletimiziň abraýly halkara guramalary bilen amala aşyrýan köptaraply hyzmatdaşlygy adamzadyň abadançylygynyň hatyrasyna howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy maksady döwrebap, bäsleşige ukyply milli ykdysadyýeti döretmekden ybaratdyr. Şu günki günde Türkmenistanda ýeterlik derejede ygtybarly maýa goýum mümkinçilikleri bolan ykdysady ulgam döredildi. Munuň özi milli we daşary ýurt puluny çekmäge üznüksiz ýardam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-njiýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, öndürilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny 33 milliard kilowat sagada ýetirmek meýilleşdirilýär. Pudagyň kuwwatlyklarynyňartmagynyň ýurdymyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulmagyny şertlendirýänini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde bu ulgama aýratyn uly ähmiýet berýär. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň energeýia ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany maliýeleşdirmek üçin Aziýanyň ösüş banky bilen umumy bahasy amerikanyň 500 million dollaryna barabar bolan ylalaşyga gol çekilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän eksport ugurlarynyň has-da giňelmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bir bitwi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna goşulmagy Türkmenistan ­- Özbegistan – Täjigistan – Owganystan – Päkistan halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň ugradylýan möçberini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine mynasyp goşant goşýan Döwlet daşary ykdysady iş banky soňky döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Onuň çäklerinde, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda bu abraýly halkara gurama bilen Taslamalaýyn resminama gol çekildi. Bankyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary daşary karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirýän ösüş babatdaky milli taslamalary utgaşdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek; bankyň täzeçil ösüşiniň orta möhlet üçin strategiýasyny işläp taýýarlamak; Döwlet daşary ykdysady iş bankynda sanly ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlyk görmek ýaly üç esasy ugur boýunça alnyp baryldy. Netijede, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde we dünýä belli “PriçewaterhauseCoopers Audit S.R.L” konsalting kompaniýasy bilen sanly bank ulgamyny öz içine alýan bankyň orta möhletleýin ösüş strategiýasy işlenip taýýarlanyldy. Bu strategiýa bankyň ähli ugurlary boýunça, aýratyn-da, täzeçil maglumat tehnologiýalaryny ulanmak babatynda işiň kämilleşmegini esasy ugur edinýär. Bu ” Türkmneistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň” wezipelerine doly laýyk gelýär. Täze strategiýanyň maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylmagy hödürlenýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we müşderilere edilýän hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini hem tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de halkara bilermenler bilen hyzmatdaşlykda halkara we daşary ýurt maliýe edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän karz taslamalarynyň tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamanyň kabul edimegi bankyň ministrlikler, guramalar we ýurdymyzyň edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň we geriminiň giňeldilmegine öz täsirini ýetirýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň magistranty
Suwhanowa Aýjemal