Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Netijede, Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde ähmiýetli tejribesi bolan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt bolup durýar. Muňa mysal edip, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesini, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şeýle-de 2018-nji ýylda geçirilen “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisini we agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny hem-de beýleki halkara derejedäki ýaryşlary görkezmek bolar.
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça biziň ýurdumyz BMG, ÝUNESKO, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi hem-de ÝUNESKO-nyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara Komitetiň (CIGEPS)düzümine saýlandy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda sport jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygarynyň astynda dürli ýaşly adamlar bedenterbiýe we sport bilen yzygider meşgullanýarlar.Türkmen sportunyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmakda, ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmekde tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutmly işleri hemişe rowaç alsyn.
Oguz han adyndaky İnžiner tehnalogiyalar uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyñ uly mugallymy Döwlet Hudaýbergenow