Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýysdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan , halkyň durmuş – ykdysady ýagdaýynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar.
Önümleriň möçberiniň artdyrylmagy işçi güýjüniň we önümçilik serişdeleriniň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň we olaryň peýdalanylyşynyň gowulandyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň, ýagny işgärleriň sanynyň we önümçilik serişdeleriniň mukdarynyň artdyrylmagy esasynda amala aşyrylýar.
Ykdysady ösüş diýip, jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa-da intensiw görnüşde bolup biler. Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa, oňa ekstensiw ykdysady ösüş diýilýär. Şonda, ol şertleriň tehniki (hil) derejesi öňküligine galýar. Mysal üçin, önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýoludyr. Kähalatlarda intensiw ösüş ýoluna geçmeklik hem zerurlykdyr.
Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň şertleriniň mukdar taýdan däl-de, olaryň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň intensiw görnüşi bolýar. Intensiw ösüş önümçiligiň şertleriniň peýdalanylyşyny gowulandyrmagyň hasabyna hem bolup biler. Ol has kämil zähmet serişdelerini peýdalanmagy we zähmet predmetlerini tygşytly ulanmagy, işgäriň hünärini ýokarlandyrmagy hem-de bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşyny gowulandyrmagy göz öňünde tutýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, intensiw ösüş şertlerinde öndürilýän önümiň möçberini artdyrmak üçin hökman täze bir kuwwatlyklary, kärhanalary döretmek zerurlygy ýok. Munuň üçin önümçiligi kämilleşdirmek, ähli serişdeleri has rejeli peýdalanmak ýeterlikdir.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Bu bolsa dünýäniň ähli ýurtlaryna diýen ýaly täsirini ýetiren koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy bilen emele gelen ykdysady çökgünligiň, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň duýdansyz we çalt peselen şertlerinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň deňagramly ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga mümkinçilik berdi.
ŞIRIN Ataýewa
Ahal welaýat maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy