Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz mukaddes toprakdan öndürilýän galla hasylynyň halkymyzyň berekedidigini ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleri döwrebap derejede, ylmy esasda ösdürmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenendigini, bu ugurdaky işleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi, bol hasylyň ýetişdirilmegini üpjün edýändigini nygtaýar.

24-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, ol toplumyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz täze hasylyň kabul edilýän bölümine bardy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda däneden we pagtadan alynýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. Şeýlelikde, edermen daýhanlarymyzyň yhlasy, döwletimiziň berýän yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl ýurdumyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Şu günler ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýandygyny we kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde alymlarymyzyň goşan goşantlarynyň uludygyny belläp geçdi.

Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara bu ugurda alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegi tabşyryp, halal işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Jennet GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy