Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat topumynda amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmäge höwes bildirýän daýhanlaryň sany barha artýar.
Mälim bolşy ýaly, 24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryň, ol toplumyň işi bilen tanyşmagy, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmeginde uly mana eýedir. Çünki ak bugdaý halkymyzyň mukaddes baýlygy, şol bir wagtda bereket – bolçulygyň çeşmesidir.
Häzirki wagtda oba hojalygynda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Ýylyň – ýylyna ak bugdaýyň ýokary hasylynyň ýetişdirilmegi edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň, döwletimiziň yzygiderli goldawynyň netijesidir. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň subutnamasydyr.
Hemra ANNAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy