Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alnyp, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyz dünýädäki derwaýys meseleler bilen baglanyşykly BMG bilen ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar.
2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary başlandy. Baş Assambleýanyň resmi beýanatynda bellenilişi ýaly, Baş sekretar saparynyň çäginde her döwletiň Prezidenti we beýleki ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirildi. Saparynyň çäklerinde ol Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana we Türkmenistana barar.
Antonio Guterriş ilki bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny, 3-nji iýulda bolsa Gyrgyzystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde baş sekretar Gyrgyzystanyň döwlet baştutany bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri alnyp baryldy. Gepleşikde esasanam hem sebit howpsuzlygy, durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.
Antonio Guterrişiň Merkezi Aziýa sapara gelmeginiň esasy maksady 4-nji iýulda Astanada geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmakdyr. Guterriş öz çykyşynda foruma gatnaşyjylara BMG-niň Düzgünnamasyna esaslanan köptaraplylyk ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklamaklaryny ýatladar. Ol bu tagallalaryň özeninde parahatçylyga ymtylyşyň bolmalydygyny nygtar. Metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, Baş sekretar şeýle hem geosyýasy dawalaryň umumy wehimlere netijeli garşylyk görkezmäge , şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge mümkinçilik bermeýändigini duýdurar.
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti tamamlanandan soň, Antonio Guterrişiň Türkmenistana sapara gelmegine hem garaşylýar.
Eziz MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyñ II ýyl talyby.