Köpçülikleýin habar iberiş torlarynyň iň esasysy eşitdiriş torlarydyr. Dürli mazmunly habarlaryň halk köpçiligine elektrik aragatnaşygynyň tehniki serişdeleriň üsti bilen ýaýradylmagyna eşitdiriş diýilýär.

Iberilýän köpçilikleýin habarlaryň görnüşlerine baglylykda telegepleşikleri we ses eşitdiriş radio eşitdirişi tapawutlandyrýarlar. Telegepleşikler şekil we ses signallaryny, ses eşitdiriş bolsa diňe ses signallaryny ýaýratýarlar. Diňleýjilere ýetiriliş usuly boýunça ses eşitdiriş, radio eşitdirişi we simli eşitdirişe bölünýär.

Radio eşitdirişde signallary diňleýjiler radio kabul edijileriň, simli eşitdirişde abonent gurluşlarynyň üsti bilen diňleýärler. Telegepleşikler we ses eşitdiriş ýurduň möçberinde iki sany guramaçylyk- tehniki meseläniň çözülmegini talap edýär:

1. Tele we ses gepleşikler programmalaryny taýýarlamak.

2. Programmalary ilat köpçiligine ýetirmek.

Eşitdiriş programmasy diýlip, dürli mazmunly habarlaryň wagt boýunça düzülen yzygiderligine aýdylýar.

Telegepleşikler we ses eşitdiriş programmalary döwlet ýa-da hususy eýeçilikdäki ýöriteleşdirilen kärhanalarda taýýarlanylýan radioeşitdiriş programmalary radio öýlerde, teleprogrammalar telemerkezlede taýýarlanylýar. Emele getirilen teleradio programmalary dürli dolandyryş territoriýalarda ýaşaýan köpçilikleýin teletomaşyçylara we radio diňleýjilere ýaýratmak funksiýasyny Aragatnaşyk ministrligine degişli elektroaragatnaşyk torlary ýerine ýetirýärler. Türkmenistanda şeýle işi umumy döwlet aragatnaşyk torlary amala aşyrýarlar. Telegepleşik we ses eşitdiriş torlary Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligiň „Türkmentelekom“ Döwlet elektroaragatnaşyk konsernine degişlidir. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryna teleradio programmalary ibermek üçin radioeşitdiriş, teleiberiş stansiýalary, hemra aragatnaşyk ulgamlary, radioreleli aragatnaşyk liniýalry, optiki süýmli aragatnaşyk liniýalry, ýokary ýygylykly telefon liniýalary, simli eşitdiriş programmalaryny territorial prinsip boýunça ýaýratmak üçin niýetlenen tehniki ekjamlaryň we serişdeleriň toplumyndan durýar. Şeýle toplumy telewizion iberiji stansiýalar (RTWIS), radio iberiji stansiýalar (RIS), simlieşitdiriş düwünleri (SED), talaradio programmalaryň RTIWS-lere RIS-lara we SEDlere iberiş kanallary hususy radiokabul edijiler, telewizorlar, abonent ses eşitdiriş gurluşlary we beýlekiler emele getirýärler. Häzirki wagtda gazetler we zurnallar hem elektroaragatnaşyk torlarynyň üsti bilen islendik regiona çalt ýetirlip biliner.

Telegepleşikler wes ses eşitdiriş torlary bir ýurduň ýa-da regionyň çäklerinde köplenç „Köp şahaly agaç“ prinsipi boýunça gurulýarlar. Şeýle prinsipde gurulan telegepleşikler torunyň gurluş shemasy aşakdaky suratda şekillendirilen:

Esasy şaha boýunça telegörkeziş programmalarynyň birnäçesi iberilýär, gaptal şahalardan bolsa dürli ilatly punktlara teleprogrammalaryň birnäçesi ýaýradylýar. Toruň iberiji böleginde esasy telemerkez (TM), radiotelewideniýe iberiji stansiýalar, Kanallaryň şahalanyş düwünleri we aragatnaşyk kanallary ýerleşdirilendir.Telegepleşikler torunyň guralşyna meňzeş shema boýunça seseşitdiriş torlary gurulýarlar. Şeýle torlarda radio iberiji stansiýalar, teleiberiji stansiýalardan tapawutlylykda örän seýrek ýerleşdirilip biliner. Eşitdiriş zonalaryny razmerleriň iberiji stansiýanyň kuwwatyna, ýygylyk diapozonyna we beýleki käbir faktorlara baglydyr.

Radioeşitdiriş we simlieşitdiriş serişdeleri örän utgaşdyryp, umumy dölet seseşitdiriş torlaryny emele getirýäler. Häzirki wagtda seseşitdiriş torlarynda adatça aragatnaşyk ulgamlaryndab başgada hemra, öýjükli aragatnaşyk ulgamalary hem giňden peýdalanylýar. Köpçülikleýin habar iberiş torlarynyň düzümine gazet zolaklaryny iberiş torlary hem girýärler. Merkezi neşirýatlarynyň goýberýän gazetleriniň we žurnallaryň tekstleri elektrik ýa-da radio aragatnaşyk ulgamalrynyň üsti bilen welaýat merkezlerinde ýa-da uly şäherlerde ýerleşen metbugat öýlerine ýetirilýär.

 Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika instituty Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakulteti Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby Haýdarow Elhan