Şeýle ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir Türkmenistanyň däl-de, onuň goňşy ýurtlarynyň hem ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hem peýdalydyr. Akabalaryň demirgazyk ulgamynyň Daşoguz welaýatynyň ýerlerinden zeýkeş suwlaryny sowmagy, şeýle hem goňşy Özbegistanyň suwarymly ýerlerinden Köl we Derýalyk akabalary boýunça zeýkeş suwlarynyň akdyrylmagy muňa mysal bolup biler.
Türkmen kölüniň gurluşygy suw baýlyklarynyň, aýratyn-da sebitiň möhüm suw gatnaw ýoly hasaplanylýan Amyderýanyň suw baýlyklarynyň hilini saklamak işinde ägirt uly peýda getirer. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ilkinji bolup ZZS-niň Amyderýa guýulmagyny bes eder.
Türkmenistanyň iki taraplaýyn bähbitleri ýokary derejede göz öňünde tutmak esasynda goňşy döwletler bilen suw meselelerine seretmekde we çözmekde oňyn tejribesi bar. Şeýlelikde, serhet üsti derýalaryň suw baýlyklaryndan peýdalanmak suwuň sarp edilişi ikitaraplaýyn bahbitlilik ýörelgesine esaslanýan ikitaraplaýyn baglaşylan ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar. Beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklary şeýle ýörelgeler esasynda ýola goýmak bilen, Türkmenistan sebitde daşky gurşawy goramak we suwuň ulanylyşy bilen baglanyşykly ekologiýa meselelerini çözmek ýaly ugurlara aýratyn üns berýär.
Biziň ýurdumyz indi Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde öň ulanmaga ýaramsyz hasaplanylan zeýakaba-zeýkeş suwlarynyň bar bolan gorlaryna has aýawly garamagyň hasabyna suw baýlyklarynyň goşmaça çeşmelerini tapýar. Bu baýlygyň Amyderýadan suw ýygnamaklygy artdyrmazdan, diňe “içerki gorlaryň” hasabyna mümkinçilikleri uludyr. Türkmenistan suwuň her bir damjasynyň gadyryny bilýän aýawly suw eýesi hökmünde beýlekileri hem suwa şeýle çemeleşmäge çagyrýar. Türkmen kölüniň gurulmagy türkmen ylmynyň we tehnikasynyň uly üstünligi boldy, sebäbi, türkmen alymekologlarynyň, gidrotehnikleriň, taslama işläp taýýarlaýjylarynyň ylmy-barlaglary netijesinde deňi-taýy bolmadyk tebigaty goraýyş, suw hojalygy, ykdysadyýet üçin uly ähmiýeti bolan taslamanyň amala aşyrylmagy mümkin boldy.
Bu ýurdumyzyň özboluşly tebigatyna aýawly garalmagy esasy mesele edilip goýulýan ekologiýa howpsuzlygy üçin alternatiw energetikanyň ornaşdyrylmagyna we senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem doly derejede degişlidir.
Türkmenistanda bu tagallaryň ählisi diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem tutuş sebitiň ekologiýa meselesiniň çözülmegine ylmy çemeleşmäni görkezmek bilen, iň häzirki zaman we netijeli tehnologiýalardan we işläp taýýarlamalardan peýdalanmak bilen durmuşa geçirilýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Magistrant talyby Guwanjowa Güljemal

RU



