Soýa gymmatly kösükli däneli ekinleriň biri bolup, ol beýleki kösükli ekinlere seredende ýokary hilliligi, däne hasyllylygynyň ýokary bolýanlygy, alynýan önümleriniň ähmiýetiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Soýa azyklyk, ot-iýmlik, tehniki we beýleki maksatlar üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Soýadan 400-e golaý iýmitlik önüm taýýarlanýar.
Maldarçylykda mallar üçin 1 ot-iýmlik birliginde 110-115 gram özleşýän belok bolmaly. Hakykatdan bolsa 96 grama ýa-da kadanyň 83-87 göterimine deň belok saklanýar. Belogyň gytçylygy ot-iýmleriň 20-30% artdyrylmagyny talap edýär hem-de mallaryň önümleriniň artdyrylmagyna päsgel berýär.
Bu wajyp meseläni çözmekde esasy orun kösükli ekinlere, esasanam, soýa degişli bolýar. Onuň hem esasy sebäbi, kösükli däneli ekinler diňe bir belokly maddalara baý bolman, beýleki ot-iýmlere goşulanda olaryň hem düzümini gowulandyrýar, beloga baýlaşdyrýar.
Soýa mallar üçin köp mukdarda ýokary hilli, gowy özleşdirilýän belogy, onuň bilen baglylykda aminokislotalary üpjün edip bilýär. Onuň dänesinde 32-45% beloklar, 17-26% ýaglar, 20%-den gowrak uglewodlar, C, B, B1 witaminler saklanýar. Gülleri K, F, Сa mikroelementlerine baýdyr. Onuň 1 kilogram tohumynda 320-450 gram çenli protein saklanýar.
Oba hojalyk mallary we guşlary üçin soýadan künjara, şulha, saman, soýa uny we ýagy alynýar. Esasanam, soýanyň gök oty mallara ulanylanda has-da ähmiýetlidir. Düzüminde proteiniň, ýeňil özleşýän beloklaryň mukdarynyň köp bolmagy netijesinde soýadan alnan ot-iýmler mallaryň, guşlaryň et, süýt, ýumurtga önümliliginiň ýokarlanmagyna getirýär. Emma soýadan taýýarlanýan ot-iýmler oba hojalyk mallaryna, guşlaryna berilmezden öň beýleki ot-iýmler ýaly gyzgynlykda termiki taýdan işlenip, şondan soň beýleki ot-iýmler bilen utgaşyklykda berilýär.
Azyklyk maksatlary üçin soýanyň dänesinden soýanyň ýagy, peýnir, margarin, soýanyň süýdi, uny, dürli süýji-kökeler, şeýlede beýleki maksatlar üçin kazein, ýelim, plastmassa taýýarlanýar.
Gurbangözel Nurgeldiýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy 3-nji ýyl talyby