Wise-Prezident we Demokratlar partiýasyndan ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär Kamala Harris Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär Donald Trampdan teleçekişmelerde sesleriň 44 göterimi bilen üstün çykdy. Bu barada CNN teleýaýlymynyň geçiren pikirsoraşmasynyň netijelerine salgylanýan TASS habar berdi.
Pikirsoraşmanyň netijesine görä, Tramp tomaşaçylaryň 40 göterim goldawyny aldy. Teleýaýlym bu ýagdaýyň Harrisiň peýdasyna öwrüm edýändigini görkezýär diýip belleýär. Çekişmeleriň öňisyrasynda geçirilen başga bir pikirsoraşma Trampy goldap, saýlawçylaryň 43 we Harris üçin 39 göteriminiň ses berendigini görkezipdi.
Şol bir wagtda teleçekişmelerden soňra Trampy tomaşaçylaryň ykdysadyýet babatda goldaýandyklary aýdylýar. Bu babatda onuň syýasatyny oňlap, pikirsoraşma gatnaşyjylaryň 55 we Harris üçin 35 göteriminiň ses berendigi belli boldy.
CNN teleýaýlymynyň pikirsoraşmasy SMS – ýazgylary ibermek ýoly bilen geçirildi. Oňa bellige alnan saýlawçylaryň 605-si gatnaşdy.
ABŞ-da Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçer.
Erkin Annageldiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby