Täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň hem-de alymlaryň täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Hususan-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda möhüm orun degişli bolup durýar. Lukmançylyk uniwersiteti — munuň özi döwrebap tehnologiýalary we iň gowy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, netijeli hünär okuwy hem-de ylmy-barlag işleri üçin ähli mümkinçilik döredilen iri ylym-bilim merkezidir.
Belli bolşy ýaly, bütin dünýäde lukmançylyk ugrundan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň derejesi olaryň düzüminde kliniki merkezleriniň bolmagy bilen kesgitlenilýär. Bu oňyn tejribä esaslanyp, soňky ýyllarda uniwersitetiň ylmy we okuw-önümçilik binýatlarynyň, merkezleriň gerimi giňedi.
Muňa mysal edip biotehnologiýalar merkeziniň meýilnamalaýyn işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bile ýola goýulan hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýar.
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin, lukmançylyk uniwersitetinde okatmagyň usulyýeti, şol sanda tejribe we barlaghana sapaklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okuw derslerine okatmagyň iň netijeli we täzeçil usullaryny gyssagly ornaşdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.
Mämmedow Mämmet Orsgulyýewiç
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy