«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde birnäçe çäreler amala aşyrylýar.
Döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Raýatlaryň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk howpsuzlygyny ýola goýmak ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alnyp barylýar. Şol sebäpden hem, ýurdumyzda saglyk üçin niýetlenilen dürli görnüşdäki sport toplumlarydyr, saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berildi. Her ýylyň 7-nji aprelinde «Bütindünýä saglyk güni» uludan bellenilýär. Şonuň bilen birlikde biziň ýurdumyzda-da, bu dünýä möçberinde alnyp barylýan baýramçylygy tutuş türkmen halkymyz hem uly dabara bilen belleýär. Diýarymyzda «Aprel aýy – saglyk aýy» hasaplanylýar. Şol mynasybetli hem bu aýda ýurdumyzyň ähli edaradyr-kärhanalarynda, mekdeplerdir, ýokary okuw jaýlarynda sport çäreleri yzygiderli guralýar.
Bagtyýar halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy barada tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Annamyradowa Merjen Tirkeşowna
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy