Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hormatly
Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda 2020-nji ýyly «Türkmenistan —
Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň
Karary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Bu maslahatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işler
boýunça prorektory Sähedow Gurban, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çary
Ataýew,  Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň dosenti, taryh ylymlarynyň
kandidanty Amanbibi Gylyjowa, Ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň müdiri
Ýusup Akmyradow,  Diller kafedrasynyň müdiri Bägül Çaryýarowa,  Jemgyýeti
öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Mährijemal Mommyýewa, 
bedenterbiýe fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Serdarow dagy çykyş etdiler.
Maslahatda Watanymyzyň ösüşleri, geçirilen we geçirilmeli sport we beýleki
çäreleriň gurnalyşy we meýilnamalary, edep-terbiýe hakda gürrüňler edildi.
Dabara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller»
aýdym-saz toparynyň gahryman Arkadagymyza alkyşly sözler bilen beýan edilen
çykyşlary bilen jemlendi.

Maksat Orazdurdyýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.