Ata watanymyz Türkmenistan bu günki günde sagdynlygyň we ruhubeletligiň ýurdy hasaplanýar. Munuň esasy sebäbi hem güneşli ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň köp sanlysynyň dermanlyk häsiýetleriiň bolmagy we onuň halk lukmançylygynda giňden ulanylmagydyr. Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryndan ugur alyp diňe bir näsaglary himiki serişdeler bilen bejermän eýsem olaryň bejergisinde ýerli ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerinden peýdalanmaklyga hem uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy ensiklopedik kitabynda hem derman ösümlikleriň umymy häsiýetleri olaryň ulanylyşy, ýygnalyşy we haýsy kesellerde ulanmak barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Şeýle ösümlikleriň hataryna hozlar maşgalasyna degişli bolan badamy hem mysal getirmek bolar.

Diýarymyzda badamyň 6 görnüşi ösýär. Baldagy ýylmanak, örän köp gysgajyk şahaly, tikensiz, daşy gyzylmytyl gour gabykly agaçdyr. Dermanlyk daragt ir gülleýär, ýagtylygy köp talap edýär. Badamyň melhemlik çig maly bolup hozy hyzmat edýär. Süýji badamyň maňzy ýakymly, ýagjymak tagamly, yssyz. Tohumyndan 60,47 % ýag, 7,80% uglewodlar, 23,30% beloklar saklanýar. Şeýle hem glikozidler, amigdalin, gematin, benzaldegid bilen sinil turşusy, B2 witamini, 20-ä golaý belokly madda hem-de saharoza bar. Ylmy lukmançylykda süýji badamyň tohumyndan taýýarlanan süýdi bilen ajysynyň suwy aşgazan bilen içege sökelliklerinde peýdalanylýar. Ýagy ýakymly iç sürüji hem-de derini ýumşadyjy serişde. Ajy badamyň suwy damar çekmegi rahatlandyrýar. Ösümligiň süýjisi içki agzalary rahatlandyrýar. Beýniniň maddalaryny berkidýär, görüjiligi güýçlendirýär, bokurdagy ýumşadýar. Şeker bilen peýdalananyňda demgysma, öýken perdesiniň näsazlygyna, gangusma, peşewhalta, tohumyň mukdarynyň köpelmegine, bedeniň katdyna gelmegine haýyrlydyr. Her gün maňzyndan 100-150 gram iýmeklik maslahat berilýär.

                                                       Maýsa Ýoldaşowa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina himiýasy kafedrasynyň mugallymy