Uly göwrümli maglumatlar (Big Data) – bu maglumat tehnologiýalarynda dinamiki görnüşde ösýän maglumat göwrümleri bilen işlemek üçin niýetlenilen tehnologiýalaryň we usullaryň topary.
Başga söz bilen aýdaynymyzda, strukturirlenen we strukturirlenmedik görnüşdäki uly möçberdäki maglumatlaryň üstünde işlemegiň usullaryny aňladýar, seljermekligiň netijesinde adamlar, şereketler üçin dürli görnüşdäki önümçilik üçin zerur maglumatlary emele getirýär.
Uly göwrümli maglumatlar (Big Data)– birnäçe usullaryň we gurallaryň jemi bolup, strukturirlenen we strukturirlenmedik maglumatlaryň üstünde işlemek üçin niýetlenilip, adam tarapyndan kabul edilip we düşünilip bilinjek görnüşe getirmeklige aýdylýar.
Uly göwrümli maglumat tehnologiýasy diýip ägirt uly ýa-da maglumatlary işleýän adaty programmalar üçin işlenmegi kyn bolan maglumat köplüklerine düşünilýär. Adaty maglumatlaryň üstünde has ýokary statistiki amallary ýerine ýetirip bolýan wagty, has çylşyrymly maglumatlarda ýalňyşlyklara sezewar bolmak mümkinçiligi uly.
Uly göwrümli maglumatlaryň ýüze çykaryp biljek kynçylyklaryna maglumaty dolandyrmak, ýatda saklamak, seljermek, gözlemek, paýlaşmak, talap etmek, täzelemek, howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat çeşmesi degişlidir.
Häzirki wagtda “big data” termini, çaklamalary, ulanyjy häsiýetli seljermeleri yada käbir beýleki has kämil, maglumatlardan ýa-da käbir ýagdaýlarda maglumatlaryň belli bir köplüginden netije alyp bilýän seljerme usullaryny aňlatmakda ulanylýar.
Uly göwrümli maglumatlaryň täze düşünjedigine garamazdan, uly göwrümli maglumatlaryň ilkinjileri 1960-1970nji ýyllarda ýagny, ilkinji maglumatlar merkezleri we baglanyşykly maglumatlaryň ösüşi bilen bilelikde döreýär.
2005-nji ýylda adamlar sosial torlaryň, online hyzmatlaryň nähili köp mukdarda maglumat emele getirýändigine göz ýetirip başladylar. Hadoop (uly maglumatlary barlamak, esasanam saklamak üçin döredilen aýratyn ulgamdyr) hem şol ýylda döredildi. Ýene-de NoSQL hem şol wagtlarda meşhurlyk gazanyp başlady.
Hadoop ýaly elýeterli ulgamlaryň ösmegi uly maglumatyň ösüşi üçin möhümdir. Sebäbi olar uly maglumatlar bilen işlemegi we uly maglumatlary saklamagy aňsatlaşdyrýar. Şondan soňky ýyllarda uly maglumatlaryň göwrümi çaltlyk bilen artdy. Ulanyjylar henizem örän uly mukdardaky maglumatlary öndürýärler. Internet of things(IoT)- zatlaryň internetiniň ulanylyp başlanmagy bilen maglumatlaryň göwrümi hasam artdy.
Kümüş Allajanowa
Türkmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby