Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň barşynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.
Şolaryň hatarynda:
Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çaganyň hukuklary babatda kämilleşdirilen kanunçylyk» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Kiçi ýaşly çagalaryň sagdyn we abadan durmuşy» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Irki ýaşda ýokary hilli we inklýuziw bilim» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çagalar üçin durmuş goragynyň kämilleşdirilen ulgamy» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Ýokary hilli maglumat toplumyna elýeterliligi giňeltmek» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çaganyň hukuklaryny utgaşdyrmak we gözegçilik etmek» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Çaganyň hukuklarynyň goragy we ilerledilmegi» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek ulgamyny we usullaryny berkitmäge ýardam» we «Nesil saglygy barada bilime ýaşlaryň elýeterliligini artdyrmak» atly taslamalary ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Nesil saglygy boýunça sazlaşykly işleýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak» we «Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenen maglumatlar» atly taslamalary ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Nesil saglygy barada bilime ýaşlaryň elýeterliligini artdyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek ulgamyny we usullaryny berkitmäge ýardam» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;
«Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy bar.