Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär, özgerýär ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şatlyk şowhunlara beslenýär diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ähli halk derejesinde bellenilýän Hasyl toýy janypkeş babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, kalplarymyzy heýjana getirýär.
Şol zähmetiň oňyn miweleri rysgal-berekediň altyn çäji bolup, milletimiziň agzybirlik suprasyny bezeýär. Watan harmanyna guşgursak gallanyň, ‘ak altyn” egsilmez baýlygy bolup goşulýan bu hazyna halkymyzyň göwün ganaty, geljekki buýsançly ösüşlerimiziň binýady, bagtyýar geljegimize barýan ýolumyzyň altyn menzilleridir. Bu toýlary tutuş halkymyz bilen bilelikde toýlanymyzda, agzybirligimiziň halal hem tämiz gözbaşlaryna gaýtadan dolanýarys, eziz topragymyzyň gadymy hem müdimi bitewülik ýolunyň gursaklarymyzda mizemezligini beýan edýäris. Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary bu ýylda hem Hasyl baýramyna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler. Olaryň ýadawsyz zähmeti, mähriban topraga siňdiren päk yhlasy altynbaş, sümmülleriň, her süýümi zümmeret-zere deňelýän ak pagtanyň aňyrsyna-bärsine deňelýän atyzlary bolup ese-boýa galdy. Ýetişdirilen bol hasyly harman ýygnamakda ýurdumyzyň ussat mehanizatorlary, ezber elli pagtaçylary, goly gujurly gallaçylary, çylşyrymly tehnikalara erk etmegi başarýan kombaýnçylary, sürüjiler zähmet edermenligininiň belent nusgasyny görkezdiler. Agzybirlikde çekilen joşgunly zähmetiň, ýetilen ajaýyp sepgitleriň egsilmez şatlygyny, buýsanjyny bu günki günde tutuş halkymyz baýram edip toýlaýar. Berkarar döwletimiziň şäherdir obalarynda, her bir öýde, döwletli ojaklaryň başynda ýazylan giň saçaklar täze hasyldan taýýarlanan toý nygmatlary bilen bezelip, zähmetsöýer ilimize Hormatly Prezidentimize tükenmez alkyşlar aýdylýar.
Firuza Dosçanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby