Fransuz alymy Bekkerel gün ýagtylygy bilen şöhlelendirilen maddalaryň häsiýetlerini öwrenipdir. Ol bir gezek fotoplastinkany dykyz gara kagyza dolap, onuň üstüne uran duzunyň owuntygyny döküp, ony Günüň açyk ýagtysynda goýýar. Plastinka işlenip bejerilende onuň üstüne duz dökülen ýerleri garalypdyr. Ol uranyň rentgen şöhlelenmesine meňzeş, dury däl jisimleriň içinden geçip fotoplastinka täsir edýän nähilidir bir şöhlelenmäni döredýändigini görýär. Bekkerel bu şöhlelenme gün şöhleleriniň täsir etmeginde döreýändir diýip pikir edýär. Tejribäni gaýtalajak bolýar. Emma howa bulutly bolanlygy sebäpli gaýtalap bilmeýär. Bekkerel plastinkanyň üstünde uranyň duzy bilen örtülen mis atanagyny goýup, olary stolyň çekerine salypdyr. Iki dün geçenden soň, plastinkany işläninde, onuň üstünde atanagyň açyk kölegesiniň görnüşinde garalmany görýär. Bu bolsa uranyň duzlarynyň öz-özünden haýsydyr bir şöhlelenmäni döredýändigini aňladýar. Diýmek, uran duzlary görünmeýän şöhleleri göýberýär, ýagtylanmany ýüze çykarýar, dury däl jisimleriň içinden geçýär, gazlary ionlaşdyrýar, fotoplastinkany garaldýar.

Şeýlelikde Bekkerel tarapyndan 1896-nji ýylda açylan bu hadysa radioaktiwlik hadysasy adyny aldy. Uran duzlarynyň öz-özünden şöhlelenmegine tebigy radioaktiw şöhleleri diýilýär. Pýer Kýuri, Mariýa Sklodowskaýa Kýuri, Rezerford tarapyndan geçirilen soňky barlaglar tebigy radioaktiwlilik diňe bir urana häsiýetli bolman aktiniý, toriý, poloniý we radiý ýaly köp sanly agyr himiki elementlerede degişlidigini görkezdi (tertip belgisi 83-den uly bolan himiki elementleriň ählisiniň radioaktiwdigi soňra anyklanyldy).

 Amanbaýewa Güljemal

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Agroinžinerçilik taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby