Ýer şarynyň howa gatlagyna atmosfera diýilýär. Atmosfera howasy – bu gazyň onda gaýmalaşýan suw damjalary, tozan bölejikleri, buz kristallary we beýlekiler bilen mehaniki garyndysydyr. Onuň umumy massasy 5,15х1015 tonna töweregi diýilip hasaplanýar. Howanyň massasynyň 90% onuň aşaky böleginde ýagny 15 km çenli beýiklikde saklanýar. Onuň beýikligi deňiz derejesinden 1,5-2 müň km. çenlidir. Atmosfera howasy – bu adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlikleriň dem alyş çeşmesidir, himiki maddalaryň ýanmagy we dargamagy (sintezi) üçin çig-maldyr, ol dürli senagat we transport desgalaryny sowatmak üçin materialdyr, şeýle hem adamyň, haýwanlaryň we ösümlikleriň ýaşaýyş hereketleriniň galyndylaryny zyňmak üçin gurşawdyr (sredadyr).

Atmosferanyň birnäçe gatlaklary tapawutlandyrylýar. Onuň köp öwrenilen bölegi, ýagny deňiz derejesinden 100 km çenli beýiklik dört bölege bölinýär:

1).Troposfera (janly organizmleriň ýaşaýan gatlagy) – deňiz derejesinden polýuslarda 8-10 km., ekwatorda 16-18 km. beýiklige çenli. Bu gatlakda tempratura her kilometr beýiklikde ortaça 6 oC peselýär. Troposferada howanyň agramynyň 80% töweregi, garyndylaryň esasy mukdary we suw buglarynyň ählisi diýen ýaly saklanýar. Şol sebäpden bu gatlakda howa şertlerini häsiýetlendirýän fiziki prosesler bolup geçýär; bulutlar emele gelýärler, ýyldyrym çakýar, ýagyş ýagýar we ş.m.

2). Stratosfera – 12 km –den 50-55 km. beýiklige çenli.Bu gatlakda kislorodyň we azodyň mukdary azalýar, wodorodyň, geliniň we beýleki ýeňil gazlaryň mukdary bolsa köpelýär. Bu ýerde emele gelýän ozon gatlagy ultrafiolet radiasiýany özüne siňdirýär we Ýer üstüniň ýylylyk şertlerine we troposferadaky fiziki proseslere güýçli täsir edýär.

3). Mezosfera – 50-55 km –den 80-85 km beýiklige çenli.

4).Termosfera (ionosfera ) – 85 km –den 800 km beýiklige çenli. Bu gatlakda esasan hem geliý we wodorod agdyklyk edýär. Molekulalaryň bir bölegi kosmos şöhlelenmeleriniň täsirinde atomlara we ionlara dargaýar. Tempratura 400 km. beýiklikde 1500 oC ýetýär. Seredilip geçilen gatlaklara atmosferanyň içki gatlaklary ýa-da endosfera diýilýär. Bu gatlaklaryň araçäkleri ˝pauza˝diýilip atlandyrylýar. 800 km –den ýokarda atmosferanyň daşky gatlagy, ýagny ekzosfera başlanýar. Bu gatlakda atomar ýagdaýdaky gazlar köp bolup tempratura 2000 oC çenli ýetýär.

 Muhammetmyradowa Merjen

 Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby