Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurtda durmuşa geçirilen giň gerimli özgertmeleriň netijeleri her ädimde, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda — hemme ýerde äşgär görünip dur. Olar, ilkinji nobatda, bilim, ylym, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryndaky özgertmelerdir, ýurduň ählumumy kompýuterleşdirilmegidir. Özgerişlik işleri aýratyn-da ykdysadyýetde giň gerim aldy, bu ýerde ýurduň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin ähmiýeti bolan däl, eýsem halkara ähmiýeti hem bolan iri taslamalar okgunly bat aldy. Ol taslamalar bolsa nebithimiýa senagatynyň we ähli halk hojalygynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagydyr.

Ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň hemde harytlary daşary ýurtlara çykarmak mümkinçilikleriniň görlüpeşidilmedik derejede artdyrylmagydyr. Halkara gaz geçirijileriniň gurulmagydyr we Demirgazyk — Günorta demir ýolunyň çekilmegidir, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň we häzirkizaman şypahana-dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegidir. Oba we senagat pudaklarynyň kämilleşdirilmegiwe türkmen obasynyň keşbiniň täzelenmegidir. Täze-täze senagat we durmuş-medeni desgalarynyň bina edilmegi arkaly giň gerimli şäher gurluşygynyň amala aşyrylmagydyr. Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda we Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň täze döredilen Ruhubelent, Döwletli we Altyn sähra etraplarynda häzir täze durmuş gaýnap joşýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek baradaky maksatnama hut şu meselä gönükdirilendir, onuň ýerine ýetirilmegi bolsa ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekolagiýa fakultetiniň Agro himiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby Seýidowa Aýlara