Türkmen arçasy-Juniperus turcomanica. Beýikligi 10-15 metre ýetýän, ýaýbaň şahaly agaç. Türkmenistanyň Köpetdag, Köýtendag, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, deňiz derejesinden 800-2800 m beýiklikde ýabany ýagdaýda ösýär.
Ýapragy uşak, iňňe şekilli tikenli, uzunlygy 6-8 mm, 3 sany ýaprajyk bolup birigen.
Tohumy iýmiş şekilli gozajykda ýerleşýär. Gozajyk gaty, şar şekilli, gara-gök reňkli, gysgajyk sapakda oturýar.
Türkmen arçasy örän haýal ösýär we 600 ýyla çenli ýaşaýar. Agajy jaý we suw hojalyk gurluşygynda ulanylýar.
Daglyk ýerlerdäki agaç tokaýlary ýagyş we gar suwlarynyň ýeriň üstündäki akymyny haýalladýar we olaryň topraga endigan siňmegine ýardam edýär, topragy we suwy goramak wezipesini ýerine ýetirýär. Fitonsidleri güýçli bölüp çykarýar. Dermanlyk ähmiýeti bar. Gür owadan şahalary bolup, bezeg agaçlaryň hataryna girýär. Türkmen arçasy seýilgählerde ýekelikde we toparlaýyn oturtmak üçin ulanylýar.
Zyýada BABAÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünariniň 5-nji ýyl talyby