Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, halypa-şägirt gatnaşyklary ösdürilýär, türkmen ýaşlarynyň geljegine uly umyt baglanylýar.
Ýaşlar döwrümiziň belent sepgitlerine we üstünliklerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.
Bilim-terbiýeli, watansöýüji ýaşlar Watanymyzyň geljegidir. Döwrüň ýaşlaryň öňünde goýýan wezipesi olaryň mynasyp käri saýlap, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup, döwür bilen aýakdaş gitmeklerinden ybaratdyr.
Islendik ýurduň daýanç güýji hem ýaşlaryň ykbalyna baglydyr. Çünki ýaşlar gejekki ýurt eýeleri bolmak bilen jemgyýetiň işjeň gatlagyny emele getirýär. Eziz Arkadagymyzyň biz bagtyýar ýaşlara “Geljek siziň bilendir!” diýip ýüzlenmesi biziň Watan öňündäki perzentlik borjumyzy has-da artdyryp, ylym gorumyzy kämilleşdirip, ruhubelent okamagymyza hem öwrenmegimize itergi berýär.
Bu günki günde türkmen ýaşlary kämil bir maşgalany esaslandyrmagyň, zähmet çekýän ulgamynda öndürijilikli işlemegiň hötdesinden gelmegi başarýarlar. Türkmen ýaşlarynyň ösüşiň ähli ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleri mähriban halkymyzy guwandyrýar we buýsandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň milli mertebämize mahsus sypatlary, gaýratly we dogumly keşbi ak geljege bolan umytlara ganat, ynamlara ygtybarlyk bagyşlaýar.
Häzirki wagtda döwletimiziň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilen. Bäsdeşlige ukyply sanly tehnologiýalar önümçilige yzygider ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Çünki innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar.
Şu pursatdan peýdalanyp biz ýaşlara şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag ömürleri uzak il-ýurt bäbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!