Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji   ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we  ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada  Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň  teklibini goldady. Degişli teklip 27-nji dekabrda  Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk  geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda D.Gulmanowanyň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen  baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde,  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we  raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň  esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada  Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet  Baştutanynyň garamagyna geljek ýylyň nyşany  hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise  gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly  döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň  şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň  kabul edilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy  boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş  Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl —  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly  Kararnama biragyzdan kabul edildi.

  Aýbölek HUDAÝBERDIÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby