Numbeo statistika serişdesi dünýäniň iň gymmat şäherleriniň reýtingini düzdi. Sanawda 440 sany şäher görkezildi. Kompaniýanyň ýanwar aýy boýunça hasabatyna görä, «ýaşaýşyň gymmatlyk indeksi» boýunça Sýurih şäheri lider boldy. Birinji bäşlikdäki şäherleriň ählisi Şweýsariýanyň şäherleri boldy. Sýurihden soň, Bazel, Lozanna, Ženewa we Bern.
Onluga şeýle hem Stawanger, Oslo we Tronheým (hemmesi Norwegiýa), Reýkýawik (Islandiýa) we Bergen (Norwegiýa) girýär. Russiýa boýunça iň gymmat şäher Moskwa boldy. Ol 251-nji ýerde.
Serwisiň saýtynda bellenilişi ýaly, «ýaşaýşyň gymmatlyk indeksi» magazinleriň we restoranlaryň, ulag gatnawlarynyň, kommunal çykdajylarynyň bahalarynyň, şeýle hem ýerli ilatyň satyn alyp bilijilik ukybynyň esasynda kesgitlenilýär.