Ýurdumyzda bakjaçylarymyz tarapyndan daş kädiniň, naharhanalyk kädiniň we muskat kädiniň önümçilik sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Daş kädiniň ekilýän sortlary: Ýerli ak daş kädi we daşy albeder daş kädi Naharhanalyk sortlar: Ispanskaýa – 73, Haýwan kädi Muskat kädiniň önümçilik sortlary: Uly miweli özbek palow kädisi we ownuk miweli türkmen palow kädisi türkmen döwletiniň welaýatlarynda gadym wagtdan bäri ösdürilip ýetişdirilýän ýerli şertlere uýgunlaşan türkmen kädi sortlarynyň 35-si tapyldy. Biziň ýurdumyzda kädi ösdürip ýetişdirmek üçin hemme amatly tebigy we toprak şertleri bar. Kädi biziň şertlermizde iki wagtda ekilýär.

1.Ýaz aýlary – 15-25 aprelde

2.Tomus aýlary – 15-20 iýunda kädini irki gök ekinleriň yzyna ekilýär. Kädiniň hasyllygy her gektardan 350-400 sentnerden geçýär.

Türkmenistanda medeni kädi we ýabany kädiler duş gelýärler. Medeni kädi ulanylyşy boýunça iki topara bölünýär.

1.Naharhanalyk kädiler

2.Mal üçin ösdürilýän ot-iýmlik kädiler

Ýabany kädiler halk tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär we meýdanlarda hapa-haşal ot görnüşinde duş gelýär. Ýabany kädilerden gyjak kädi, gaz kädi, sürteç kädi, zenzele kädi, suw kädi, süýt kädi, ýylan kädi, nas kädi halk tarapyndan dürli maksatlar üçin ulanylýar. Egerde ýabany kädiler daşy gatamanka ýygylsa hyýar ýaly kesişdirip, duzly, sirkeli suwda ýatyrylýar.Kädiniň käbir görnüşleri ýylyň dowamynda saklanýar. Kädini adaty şertlerde saklap bolýar. Kädi miwesi gaýtadan işlenilip: kädi şerbeti, kädi mürepbesi, kädi bulamagy, kädi poroşogy (uny) taýýarlanylýar. Kädi köp dürli nahar taýýarlamakda hem ulanylýar. Kädiniň kesel bejerijilik ähmiýeti gaty uludyr. Kädi miwesi bişirilip aşgazan keselleri, ýazwa, aýma keselleri, sary gaýnama garşy ulanylýar. Kädi çigidinde 27-32% kädi ýagy saklanýar. Kädiniň çig çigidi içi gurçukly adamlara berilýär. Şeýle edilip çagalardaky glist-gurçuklary öldürilip ýok edilýär. Kädiniň ýapragy gaýnadylyp kädi goýy taýýarlanylýar.

Türkmenistanda kädiniň 47 sany ýerli sorty duş gelýärler. Önümçilik şertlerinde kädiniň özbek palow kädi, Ýerli türkmen palow kädisi, daş kädi, nahar kädi, alabeder kädi we mal iýmlik haýwan kädi ösdürilip ýetişdirilýär we ýokary 600 sentnere çenli gektardan hasyl alynýar.

  Arslan GUWANJOW

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrynyň 1-nji talyby